TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. Ne­bit, gaz kän­le­ri­niň en­jam­la­ry­na teh­ni­ki hyz­mat et­mek we ola­ry abat­la­mak.
  2. Ne­bit we gaz ýa­tak­la­ry­nyň göz­le­gi we ola­ry ulan­mak.
  3. Ne­bit­gaz ge­çi­ri­ji­le­ri­ni we ne­bit­gaz am­mar­la­ry­ny gur­mak we ulan­mak.
  4. Ne­bit we gaz kän­le­ri­ni iş­läp geç­mek.
  5. Elekt­rik be­ket­ler, ýaý­lym­lar we ul­gam­lar.
  6. Hi­mi­ýa, ne­bi­ti we ga­zy gaý­ta­dan iş­leýän se­na­gat kär­ha­na­la­ry­nyň en­jam­la­ry­na teh­ni­ki hyz­mat et­mek we ola­ry abat­la­mak.
  7. Ara­gat­na­şyk ýaý­lym­la­ry we kom­muni­ka­si­ýa ul­gam­la­ry.
  8. Aw­to­mat­laş­dy­ry­lan elekt­ro­ter­mi­ki ulgam­la­ryň önüm­çi­li­gi.
  9. Buh­gal­ter­çi­lik ha­sa­ba al­ny­şy.
  10. Yk­dy­sa­dy­ýet we me­ýil­na­ma­laş­dy­ryş.
  11. Mag­lu­mat ul­gam­la­ry.
  12. Elekt­roe­ner­ge­ti­ki ul­gam­la­ryň aw­toma­ti­za­si­ýa­sy we re­le go­ra­gy.
  13. Se­na­gat en­jam­la­ry­ny gur­na­mak we teh­ni­ki taý­dan ulan­mak.
  14. Ma­şyn­gur­lu­şy­gyň teh­no­lo­gi­ýa­sy.

Or­ta hü­när okuw mek­de­bi­ne Türk­me­nis­tanyň umu­my or­ta bi­lim­li, ýa­şy 35-den geç­me­dik ra­ýat­la­ry gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça bäs­le­şik esa­syn­da ka­bul edil­ýär.

Oku­wyň möh­le­ti 2,5 ýyl we tö­leg­li.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry Ma­ry şä­he­rin­de 2020-nji ýy­lyň 6-njy iýu­ly — 8-nji aw­gus­ty ara­ly­gynda ka­bul edil­ýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da di­rek­to­ryň ady­na ýazy­lan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­na­ma (an­ke­ta);

— umu­my or­ta bi­lim ba­ra­da res­mi­na­ma­nyň asyl nus­ga­sy;

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan bel­leni­len nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rin­den, har­by bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— bel­le­ni­len nus­ga bo­ýun­ça okuw üçin töle­gi öz wag­tyn­da amal et­me­giň ke­pil ha­ty;

— 3×4 sm öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny fo­to­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­der­çe­si­niň tas­syk­la­nan gö­çür­me­si;

— gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li ge­çen ýag­da­ýyn­da ar­tyk­maç­lyk­lar­dan peý­da­lan­ýan oku­wa gir­ýän ýy­lyn­da mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ders­ler bo­ýun­ça döw­let bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri, umu­my­bi­lim ders­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­leşik­le­ri­ne gat­na­şan Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry şol ýag­daý­la­ry tas­syk­laýan de­giş­li res­mi­na­ma­nyň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyr­ýar­lar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­dir­ýän­ler ýo­kar­da gör­ke­zi­len res­mi­na­ma­lar bi­len bir­lik­de res­mi­na­ma­la­ry ka­bul ed­ýän iş topa­ry­na aşak­da­ky­la­ry gör­kez­ýär­ler we nus­gala­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:

— şah­sy pas­por­ty­ny;

— Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­rin­de har­by gul­lu­gy ge­çen­ler har­by şa­ha­dat­na­masy­ny, har­by gul­lu­gy geç­me­dik ýi­git­ler ýa­zy­lyş şa­ha­dat­na­ma­sy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri bo­ýun­ça har­by we­kil­lik­den gü­wä­ha­ty­ny.

Da­laş­gär ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin artyk­maç hu­kuk­dan peý­da­lan­ýan­dy­gy­ny tas­sykla­ýan beý­le­ki res­mi­na­ma­la­ry gör­ke­zip bi­ler.

Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we res­mi iş kagyz­la­ry üçin da­laş­gär şah­sy jo­gap­kär­çi­lik çek­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edilmek 2020-nji ýy­lyň aw­gust aýy­nyň 11-12-si, 14-i we 15-i gün­le­rin­de «Türk­men­gaz» döwlet kon­ser­ni­niň Ma­ry ne­bit­gaz or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de (Ma­ry ş.) ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry äh­li hü­när­ler bo­ýun­ça fi­zika, ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy dersle­rin­den ge­çi­ril­ýär.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türk­me­nista­nyň or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw mak­sat­na­mala­ry­nyň esa­syn­da ge­çi­ril­ýär.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry döw­let dilin­de dil­den ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­le­nen wagtda sy­na­ga esas­syz se­bäp­le­re gö­rä ge­lip bil­medik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri bo­ýun­ça sy­nag­dan geçip bil­me­dik­ler soň­ky sy­nag­la­ra goý­be­ril­me­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça deň muk­dar­da ba­ha alan­lar­dan ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan aşak­da gör­ke­zi­len­ler peý­da­lan­ýar­lar:

— saý­lan hü­nä­ri bo­ýun­ça 2 ýyl­dan az bolma­dyk iş tej­ri­be­si bo­lan­lar;

— ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy ge­çen­ler.

«Türk­men­gaz» döw­let kon­ser­ni­niň Ma­ry ne­bit­gaz or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň sal­gy­sy: Ma­ry ş., Ke­mi­ne kö­çe­si, 33, tel.: 4-66-65, 4-63-42, 4-66-10.

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda italýan dili öwredilýär

Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi gurlar

Türkmenistanyň wekiliýeti “Bilimi özgertmek boýunça sammite” gatnaşýar

Teswirle