MEDENIÝET

«Türkmenfilm» birleşigi «Kompozitor» atly täze çeper filmi surata düşürdi

Şu gün Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda ýurdumyzda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilenine üç ýyl doldy.

Gaznanyň üç ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan «Kompozitor» atly täze çeper film surata düşürildi.

Filmde ýaş kompozitor Merdan Hudaýberdiýewiň durmuş ýoly, saza çagalygyndan imrinişi beýan edilýär. Kompozitoryň çagalykdaky we uly ýaşdaky keşplerini döreden aktýorlaryň öz keşbini duýmagy başarandyklary filmi has-da özüne çekiji edýär. Filmiň tutuş dowamynda wakalar sazyň utgaşyklylygynda beýan edilýär. Ähli zady saz gürrüň berýär. Ýurdumyzda saza goýulýan hormat-sarpa, egsilmez söýgi tutuş filmiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. «Kompozitor» atly film-drama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli kino sungatynyň şowly eserler bilen baýlaşýandygynyň ýene-de bir subutnamasyna öwrüler.

Ertir — 30-njy martda «Watan» habarlar gepleşiginiň 21:00-daky goýberilişinden soňra, «Altyn asyr: Türkmenistan», «Türkmenistan», «Ýaşlyk», «Miras», «Türkmen owazy», «Aşgabat» hem-de «Arkadag» teleýaýlymlarynda çeper filmiň ilkinji görkezilişi bolar.

 

Ýene-de okaň

Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi

Ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi

Türkmen sungat ussatlary Ankarada konsert berdi

TÜRKSOÝ Magtymguly Pyragy ýylynyň çärelerine badalga berdi

Ýazky at çapyşyk möwsümine badalga

Türkmenistanda üýtgeşik käriziň üstünden baryldy