TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenbaşy-Baku-Türkmenbaşy paromy: onlaýn bilet almak mümkinçiligi

“Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdalar jemgyýetiniň resmi saýtynda “Ro-Pax” kysymly ýolagçy gämileri arkaly Türkmenbaşy-Baku-Türkmenbaşy ugry boýunça biletleri onlaýn almak mümkinçiligi döredildi. Bu barada degişli edaranyň resmi saýtynda bellenilýär.

“Berkarar” we “Bagtyýar” atly gämiler ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr we halkara gatnaw ugurlary boýunça ýolagçy we ýük gatnawlaryny amala aşyrýar.

Paromlar 54 sany awtoulaglary we 200 ýolagçyny kabul edýär. Gämide 4 sany lýuks, 30 sany adaty kaýutalar we 136 sany oturgyç bar. Ýolagçylaryň gatnaw wagty wagtyny hoş geçirmegi üçin restoran we kafe bar.

Şeýle hem gämide çaga oýun meýdançalary, lukmançylyk we hyzmat nokatlary bar.

Gämi gatnawy üçin petekler derejesine görä 1200-den 2200 manada çenli üýtgäp bilýär. Gatwanyň wagty 12-14 sagat.

Şeýle hem resmi saýt arkaly telefonyňa sms-habarnamasyny kabul etmek mümkinçiligi bar. Şol sms-habarnamasy arkaly gatnaw tertibi we wgaty barada maglumat alyp bolar.

 

Ýene-de okaň

Şäherara awtobus petekleriniň onlaýn satuwy

Daşoguzda täze saglyk öýi açyldy

THY: Aşgabat şäherine adaty gatnawlar başlaýar

Baş Redaktor

Teswirle