SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenabat-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawy meýilleşdirilýär

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy tarapyndan Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň utgaşdyrmagynda 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda sagat 17:05-de Türkmenabat-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawynyň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.

Türkiýäniň ilçihanasynyň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenabatdan Stambul şäherine göz öňünde tutulan ýörite uçar gatnawy baradaky bildirişine laýyklykda, şunuň bilen baglylykda Türkiýä gitmek isleýän Türkiýe Respublikasynyň raýatlarynyň talabyny goşundydaky  maglumatlary dolduryp, ilçihananyň resmi elektron poçta salgysyna (embassy.ashgabat@mfa.gov.tr) gyssagly ibermekleri garaşylýar.

Ilçihana tarapyndan Türkiýä gitmek isleýän raýatlaryň sanawy “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki şahamçasyna berler. Soňra raýatlaryň pasportlarynyň asyl nusgasy ýa-da göçürmesi bilen sanawy “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki şahamçasyna (Atatürk köçesi 82, A7-A8 otagy/ “Barkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň 1-nji gaty. Tel:+993-610-144-33) ýüz tutup, uçardan orun satyn alyp bilerler.

“Türkhowaýollary” kompaniýasy tarapyndan bu uçar bilen gitjek her bir ýolagçy üçin biletiň bahasy 500 ABŞ-nyň dollar möçberinde kesgitlendi. Her bir ýolagçy üçin 30 kg möçberinde ýük almaga, 8 kg möçberinden artyk bolmamak şerti bilen ýanynda göterýän torbasy ýa-da ýan kompýuter torbasyny almaga hem-de talap bolan halatynda goşmaça ýük almaga mümkinçilik dörediljekdigi mälim edildi.

Goşmaça soraglar ýüze çykan halatynda ilçihananyň konsullyk bölümine “+99312940027” we “+99312940029” telefon belgileri bilen ýüz tutup bilersiňiz.

Siz biziň Android ulgamynda işleýän Applikasyýamyzy şu ýere basyp, özüňiziň mobil telefonyňyza ýükläp ähli eserleri, şeýle hem, beýleki habarlary aňsatlyk bilen okap bilersiňiz!

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyñ syýahatçylyk agentlikleriniñ wekilleri Türkiýä saparlarynda Şanlyurfa we Gaziantepe baryp gördüler

Çagalaryň saglygy — döwletiň gymmatly baýlygy

Aşgabat-London ugurlaryna petekler onlaýn satuwa çykarylýar

Aşgabatdan Kuala Lumpura hepdede iki gatnaw ýola goýuldy

Aşgabat-London-Aşgabat gatnawy hepdede iki gezege çykaryldy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň iň iri dag-lyža şypahanasy gurlar