SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenabat-Moskwa gatnawy: 24-nji ýanwarda petekler satylýar

Ozal habar berşimiz ýaly, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň gurnamagynda “S7” awiakompaniýasy nobatdaky ýörite uçar gatnawyny 2022-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda amala aşyrmagy göz öňünde tutýar.

Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda habar berlipdi. Russiýanyň ilçihanasynyň jemgyýetçilik toruna ýerleşdirilen täze maglumatda, 28-nji ýanwarda göz öňünde tutulan ýörite uçar gatnawy üçin 24-nji ýanwardan awiapetekler satylyp başlanýar.

Hususan-da, jemgyýetçilik torundaky habarnamada, 24-nji ýanwarda “S7” awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki wekilhanasynyň kassalarynda sagat 11:00-dan başlap, Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça uçar gatnawyň awiapetekleri satylyp başlanýar.

24-nji ýanwarda

– talonly bilet satyn alýan adamlar;
– birikdirilen ulgam boýunça bilet satyn alýan adamlar;
– haýwanlary bolan ýolagçylar;
– bejergi maksady bilen syýahat edýän adamlar;
– biznes synpynda uçýan adamlar.

Beýleki kategoriýadaky ýolagçylar bolsa, awiapeteklerini 25-nji ýanwarda awiakompaniýasynyň wekilhanasynda sagat 10:00-dan satyn alyp bilerler.

2022-nji ýyl boýunça “S7” awiakompaniýasy Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň gurnamagynda ilkinji ýörite gatnawy 14-nji ýanwarda ýerine ýetiripdi. Üstümizdäki ýylyň 2-nji ýörite gatnawy 28-nji ýanwarda ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.

 

4 Dilde gürleýän Sözlük: Makul Sözlük Rus dilinde

Türkiýede talyp haky bilen bilim : 2022

Ýene-de okaň

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Bangkoga uçar

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly Roždestwo arçasynyň çyralary ýakyldy

Goşulyşmazlyk Hereketiniň lukmançylyk forumy Aşgabatda geçiriler

Türkmenistan bilen Ýaponiýa syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Germaniýa saglyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny berkider

Plastiki hirurgiýa ugry boýunça saglygy goraýyş kömegini bermegiň tertibi tassyklandy

Baş Redaktor