BILIM

Türkmen ýaşlary XXI halkara Žautykow olimpiadasyna gatnaşýarlar

Şu ýylyň ýanwar aýynyň 13-17-si aralygynda Gazagystan Respublikasynda geçirilýän matematika, fizika we informatika dersleri boýunça XVI halkara Žautykow olimpiadasyna  ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryndan saýlanan topar hem gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy habar berýär.

“IZho 2025” halkara olimpiadasyna 15 döwletden 700-e golaý mekdep okuwçylary we 150 ýolbaşçy gatnaşýar.

Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan, Russiýa, Belarus, Ermenistan, Azerbaýjan, Türkiýe, Gruziýa, Bolgariýa, Rumyniýa, Serbiýa we Mongoliýa ýaly döwletler bilen bir hatarda Türkmenistan hem bu olimpiadada mynasyp wekilçilik edýär.

Olimpiada Gazagystan Respublikasynyň Ylym ministrliginiň ýanyndaky “Daryn” Respublikan ylmy- tejribe merkeziniň we Astana şäher häkimliginiň howandarlygynda Respublikan fizika-matematika mekdebinde geçirilýär.

Žautykow olimpiadasynyň jemleri boýunça gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlary, ýeňiji bolanlara dürli derejedäki şahadatnamalar, altyn, kümüş we bürünç medallar gowşurylar.

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlaryna Koreýa Respublikasynda talyp haky mümkinçiligi döredilýär

Türkmenistanda emeli aň boýunça bäsleşik geçiriler

Türkiýä daşary ýurtly talyplaryň sanyny 500 müňe ýetirer

Ata Watan Eserleri

Türkmen talyplary we okuwçylary halkara bäsleşiklerde jemi 1 müň 549 medal gazandy

Türkmenistanyň ilçisi Ahi Ewran uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

Dünýäniň iň gowy türk uniwersitetleri

Ata Watan Eserleri