SIZDEN GELENLER

Türkmen ýaşlary – Watanymyzyň geljegi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlaryna mahsus bolan we ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän binýada esaslanýan ýaşlar barada döwlet syýasaty eziz Watanymyzda üstünliklere, rowaçlyga ýaran bolup, durmuş ýüzünde şöhlelendirilýär.

Ata Watanymyza, mähriban halkymyza, ajaýyp milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilim we terbiýe almaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Türkmen ýaşlary — Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň geljegi. Ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdyn, hünär taýýarlygy esasynda kämil şahsyýet bolmagy, döredijilik ukyby we pikirlenmek başarnygy jemgyýetimiziň kämilleşmegine hem-de döwletimiziň ösüşine uly itergi berýän güýçdür. Häzirki wagtda Türkmenistanyň kanunçylygy jemgyýetimizde şeýle möhüm orun eýeleýän ýaşlaryň durmuş-ykdysady we syýasy hukuklaryny doly goraýar.

«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ýaşlaryna uly ynam bildirýär.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Maslahatlar merkezinde ýaşlaryň gatnaşmaklarynda döwlet ýaşlar syýasatynyň, bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanan maslahaty geçirmegi galkynyşly günlerimize altyn harplar bilen ýazyldy.

Häzir berkarar Diýarymyzda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hereket edýär. Ýaşlaryň hukuklaryny we borçlaryny öz içine alýan bu resminamalar Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda kabul edildi. Döwür ýaşlar syýasaty barada alnyp barylýan işleriň mundan beýläk hem kämilleşdirilmegini talap edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň Kanunyň maddalaryna käbir bentleri goşmak baradaky teklipleri türkmen ýaşlarynyň buýsanjyny goşalandyrdy. Ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny ýeňilleşdirmek, ýaşlaryň telekeçilige höweslendirmek, uçurym bolýan ýaşlaryň okuwlaryny üznüksiz dowam etmek üçin şertleriň döredilmegi ýaly teklipler türkmen ýaşlarynyň dünýäniň iň bagtly ýaşlary bolup durýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Döwletmyrat Esenow, TOHU-niň talyby. 

 

Tähran duşuşygy: VI Hazar sammitine taýýarlyk güýçlendirilýär

Ýene-de okaň

18-nji fewral – Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni

Türkmenistan – energetika döwleti

Nebitgaz toplumy – oňyn görkezijiler

Mekdebe çenli bilim edaralarynda ene-atalar bilen geçirilýän çäreleri guramagyň pedagogik esaslary

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly