BILIM

Türkmen ýaşlary üçin Malaýziýada talyp hakly okamak mümkinçiligi

“PETRONAS” kompaniýasy Malaýziýadaky “PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologik Uniwersitetinde (UTP) okamak üçin aşakdaky dersler boýunça talyplara doly talyp haklaryny hödürleýär:

  • Himiýa inženerçiligi
  • Elektronika we elektrotehnika
  • Inženerlik mehanikasy
  • Nebiti we gazy almagyň tehnologiýasy
  • Nebit we gaz geologiýasy
  • Maglumat ulgamlary
  • Maglumat tehnologiýalary

Talaplar:
Ýüz tutujynyň maşgala ýagdaýy: öýlenmedik/durmuşa çykmadyk
Ýaş: 17-24 ýaş
Inženerlik kurslary: Orta mekdebi himiýa, matematika, fizika boýunça üstünlikli tamamlan
Tehnologiki kurslar: Orta mekdebi matematika boýunça gowy netijeler bilen tamamlan
TOEFL (Iňlis dilini daşary ýurt dili hökmünde öwrenme synagy) ýa-da IELTS (Halkara iňlis dili synagy ulgamy) boýunça iňlis dili biliminiň Sertifikaty – iň az bal: IELTS 5.0 ýa-da TOEFL PBT 500 bal// iBT 50 bal;

Tabşyrmak üçin
Ýüz tutma arzasyny tabşyrmak üçin aşakdaky resminamalary tabşyrmak gerek:

  • Ýüz tutujynyň rezýumesi
  • Pasport ölçegdäki on iki (12) surat, 3,5 sm (ini) x 5 sm (beýikligi), ak fonda we jpeg/gif formatda
  • Ýerli we daşary ýurt pasportynyň nusgasy (möhleti 24 aýdan az bolmaly däl)
  • Orta bilim hakynda şahadatnama (birinji üç çärýeklik boýunça hödürnama)
  • Iňlis dili boýunça Sertifikat (TOEFL ýa-da IELTS)
  • Beýleki bar bolan şahadatnamalar we goşmaça resminamalar
  • Harby biletiň nusgasy (eger bar bolsa)

*Ýüz tutma arzasyna diňe hemme resminamalar bar bolan ýagdaýynda serediler
**Aragatnaşyk maglumatlaryny anyk görkeziň we maglumatlaryň dogry we takykdygyna göz ýetiriň
Hemme soraglar boýunça “PETRONAS” kompaniýasynyň ofisiniň telefon belgisi: +99312398000
Elektron poçta boýunça ibermek üçin: utpintake@petronas.com
Ýüz tutma möhleti: 01.05.2024 çenli.
Anketany salgylanma boýunça ýa-da “PETRONAS” kompaniýasynyň, Türkmenistan, Aşgabat säheri, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81-nji jaýy, salgysyndaky ofisinden alyp bilersiňiz.

 

Mahabat:

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda  bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat”  Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

«Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik geçirilýär

Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni giňden belleniler

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görülýär

Ylymlar gününde geçiriljek çäreler

Ýaponiýa talyp hakly okuw maksatnamalaryna çagyrýar

Türkmen wekiliýeti “THE Aziýa baýragy- 2024” sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri