TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Türkmen ýaş himiýaçylaryň uly üstünligi

2021-nji ýylyň aprel aýynyň 20-26-sy aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa döwlet uniwersitetiniň gurnamagynda 55-nji Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýardam bermeginde Halkara ynsanperwer ylymlary  we ösüş uniwersitetinde onlaýn görnüşinde  geçirildi. Bu bäsleşige  jemi 28 döwletden: (Türkmenistan, Russiýa Federasiýasy, Belarus, Ukraina, Bolgariýa, Wengriýa, Türkiýe, Gazagystan, Azerbaýjan, Saud Arabystany, Latwiýa, Litwa, Estoniýa, Ermenistan, Täjigistan, Özbegistan, Ysraýyl, Hytaý, Awstriýa, Mongoliýa, Gruziýa, Makedoniýa, Rumyniýa, Gyrgyz Respublikasy, Serbiýa, Siriýa, Slowakiýa, Horwatiýa) 145 sany zehinli okuwçy gatnaşdy.

Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasy diňe nazary bilimler boýunça 2 tapgyrda (I tapgyr – 80 bal, II tapgyr – 75 bal, jemi 155 bal) geçirildi. Bu abraýly Halkara bäsleşigine ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylaryndan  saýlanan  topar gatnaşdy. Bu bäsleşikde biziň toparymyzyň adyndan bir ýolbaşçy, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyndan 3 okuwçy, Aşgabat şäheriniň himiýa, biologiýa we iňlis dili derslerini çuňlaşdyrylyp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebinden 1 okuwçy çykyş etdi.

Halkara Mendeleýew himiýa bäsleşiginde 2 tapgyryň netijesi boýunça, Aşgabat şäheriniň himiýa, biologiýa we iňlis dili derslerini çuňlaşdyrylyp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Dawut Muhammetgulyýew jemi 125,4 bal gazanyp, altyn medala we Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Gözel Döwranowa jemi 117,45 bal, şol mekdebiň 11-njy synp okuwçysy Berdigylyç Rejepbaýew jemi 116,2 bal, ýene-de şol mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Ýusup Döwletmyradow jemi 102,7 bal gazanyp, kümüş medallary gazanmagy başardylar. Şeýlelikde milli toparymyz 1 altyn we 3 kümüş medaly almagyň hötdesinden geldi.

Milli ýygyndymyz dört okuwçydan ybarat bolan topar bilen gatnaşyp olaryň ählisiniň altyn we kümüş medallara mynasyp bolmaklary, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň kämilleşýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

 

Öz ýurdunda çempion boldy

 

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Daşary ýurt dilleri boyunça bäsleşik geçiriler

Ýaşlar forumy: möhüm kararlar kabul edildi, sylaglar gowşuryldy

Amerikada uniwersitet okamak üçin ilkinji ädim :Prep4Success maksatnamasy

Baş Redaktor

Teswirle