Ýaňy-ýakynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde «Kainat» ýaşlar merkezi tarapyndan XIII halkara mugam festiwaly guraldy. Milli aýdym-saz sungatynyň nusgawy žanrlaryny ýaýbaňlandyrmak, ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen dabaraly çärä 7 döwletden ýetginjekleriň 19-sy gatnaşdy. Bu sungat baýramçylygyna ýurdumyzyň adyndan şirin mukama köňül beren ýaşlaryň üçüsi wekilçilik etdi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.
Festiwalyň baş baýragyna ýerli ýaş mugamçy mynasyp görüldi. 1-nji orny ildeşimiz Söýün Orazdurdyýew bilen Türkiýe Respublikasyndan gelen ýetginjek eýeledi. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň bagşy hünäri boýunça 5-nji synp okuwçysy Söýün Orazdurdyýewe Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň ýörite Diplomy we pul baýragy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýaş bagşymyz «Ak ýüzli maralym» halk aýdymyny ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň berekellasyna we şowhunly el çarpyşmalara mynasyp boldy. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 8-nji synp okuwçysy Sähetnazar Garaýew hem, festiwalda üstünlikli çykyş edendigi üçin, Diplom bilen sylaglandy.