TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze derejesi

Türkmenistan döwletimiz öz Garaşsyzlygyny gazanandan soňra halkara hyzmatdaşlygyna hususna-da dünýä döwletleri bilen netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna uly ähmiýet berýär. Şeýle döwletara gatnaşyklarynda Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti, hususan-da Ýaponiýa döwleti bilen gatnaşyklar hil taýdan täze derejelere çykaryldy.

Soňky ýyllarda ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň netijesinde, türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň many-mazmun taýdan yzygiderli baýlaşdyrylýandygyny bellemek gerek. Ýaponiýanyň işewür düzümleri geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga, ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýärler.

Şu ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Geçen taryhy döwrüň dowamynda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ykdysady taýdan örän çalt depginde ösýän bu ýurdy Türkmenistanyň esasy we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň birine öwrüldi. Häzir Diýarymyzyň islendik künjeginde Ýaponiýanyň meşhur kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda gurlan döwrebap senagat toplumlaryna gabat gelmek bolýar.

Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar dürli ugurlarda depginli ösdürilýär. 2004-nji ýylda ýapon tarapynyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogy döredilip, onuň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, häzirki wagtda tebigy gazy gaýtadan işlemek we goşulan gymmaty ýokary önümleriň önümçiligi ulgamynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilýär. Ýeri gelende bellesek, ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda örän iri taslamalaryň ençemesiniň — Maryda we Garabogazda karbamid dökünlerini öndürýän zawodlar toplumlarynyň, Türkmenabadyň himiýa zawodynda konsentrirlenen fosfor döküniniň önümçiligi boýunça önümhananyň, Gyýanlyda polietilen we polipropilen öndürýän zawodyň, Ahalda tebigy gazdan benzin öndürýän senagat toplumynyň, şeýle-de Türkmenabat şäheriniň golaýynda gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşyklary alnyp baryldy.

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ylym-bilim ugrundaky gatnaşyklar hem işjeň ösdürilýär. Häzirki wagtda türkmenistanly ýaşlara ýapon dilini öwretmek boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. 2016-njy ýyldan bäri ýurduň orta we ýokary okuw mekdepleriniň käbirinde ýapon dili öwredilýär.

Golaýda, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow geçen hepdede Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Bu sapar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýylýazgysynda täze sahypalary açdy. Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi, şol sanda Ýaponiýanyň Premýer-ministri, Parlamentiň wekilleri, bu dostlukly ýurduň käbir iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Şolaryň netijesi boýunça, ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzde ýene-de ençeme iri senagat önümçiliklerini döretmek babatda işjeň gepleşikler geçirildi.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Ýaponiýa amala aşyrylan iş sapary Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, onuň geljegi uly hasaplanýan ugurlarda has-da işjeň häsiýete eýe bolmagyna kuwwatly itergi berdi.

Ýagşymyrat Altymyradow,

Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň öwreniji mugallymy.

Ýene-de okaň

San­ly ul­ga­m has-da kämilleşdirilýär

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Teswirle