TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Türkmen wekiliýetiniň Seula döredijilik sapary başlandy

Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi mynasybetli, aýdymçy-sazandalardyr artistleri, alymlardyr muzeý işgärlerini, sungat ugurly ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny we talyplaryny, şeýle-de habar beriş serişdeleriniň wekillerini öz içine alýan türkmen wekiliýetiniň Seula sapary başlandy.

Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti geçirildi. Türkmenistanyň sungat ussatlaryndan Zuleýha Kakaýewa, Läle Bagnazarowa, Suhanberdi Orazdurdyýew, Atajan Berdiýew, Leýli Ökdirowa, Ýagmyr Gurbannazarow, Döwran Şammyýew, şeýle hem “Miras” folklor toparlarynyň çykyşlary koreý halkynda uly gyzyklanma döretdi.

Koreýanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda, Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde,  Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp halkara maslahat geçiriler.

Onda beýik şahyryň döredijiligi, türkmen-koreý dostluk gatnaşyklary baradaky çykyşlara giň orun berler. Şeýle-de Koreýanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda milli gymmatlyklarymyzyň, amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi guralar. Bu ýerde türkmen-koreý sungat ussatlarynyň bilelikdäki dostluk konserti-de geçiriler.

Ýeri gelende, geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanda hem Koreý medeniýetiniň günleriniň geçirilendigini bellemek gerek. Şeýle medeni çäreleriň guralmagy, medeni-ynsanperwer ulgamdaky netijeli gatnaşyklar halklaryň arasyndaky dostluk, özara hormat goýmak ýörelgeleriniň has-da pugtalanmagyna ýardam edýär.

Ýene-de okaň

Awazada halkara tans we folklor festiwaly geçiriler

Iýun aýynyň baýramçylyklary: Gurban baýramy giňden belleniler

Magtymguly Pyragynyň golýazmalary ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi

Teswirle