DÜNÝÄ

Türkmen wekiliýeti ÝB-niň işewür düzümleri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Belgiýa Patyşalygynda iş saparynyň çäklerinde Ýewropanyň işewür düzümleri bilen tegelek stoluň başynda duşuşygy boldy. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew hem gatnaşdy.

“Türkmenistan-ÝB: täze ykdysady hyzmatdaşlyga tarap” atly tegelek stol duşuşygy dürli döwletlerden 120-den gowrak wekil gatnaşyp, energetika, maýa goýum we söwda ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary, syýasy, diplomatik we maliýe edaralaryň, metbugat serişdeleriniň, täjirçilik kompaniýalarynyň, söwda-ykdysady assosiasiýalaryň, agentlikleriň, ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri gatnaşdy.

Olaryň arasynda halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa Komissiýasynyň baş direktorlygynyň ýolbaşçylary, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy, şeýle hem «Sarens Group», «Cargolux», «Philips» и «Royal IHC»we beýleki Ýewropanyň öňdebayrjy kompaniýalarynyň wekilleri bar.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Fransiýanyň milli güni bellenildi

Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda

Türkmenistan bilen Türkiýe Ýewropa bazaryna girmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Ženewada WIPO agza ýurtlaryň Assambleýasynyň 65-nji mejlisi geçirilýär

Muttaki: TOPH taslamasy üçin ähli tagallalary ederis