Türkmenistan ulag-üstaşyr mümkinçiliklerindne giňden peýdalanmak ugrunda degişli işler ýerine ýetirilýär. Şoňa laýyklykda, 12-16-njy iýuny aralygynda Latwiýa Respublikasynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-latwiýa iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekiliýetiniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, duşuşygyň barşynda Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky durnukly ulag ulgamy kemala getirmek, TRASEKA halkara ulag-üstaşyr geçelgesini ösdürmek mümkinçiliklerine serediler.