TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmen wekiliýeti “InnoTrans 2022” atly iri ulag forumyna gatnaşýar

Ýurduň demir ýol pudagyna wekilçilik edýän türkmen wekiliýeti 20-23-nji sentýabr aralygynda Berlinde geçirilýän transport tehnologiýalaryna bagyşlanan uly halkara sergisine – InnoTrans 2022-ä gatnaşýar. Bu barada «Türkmendemirýollary» agentliginiň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

1996-njy ýylda ilkinji gezek geçirilen pursatyndan tä şu güne çenli “InnoTrans” demirýol ulagy boýunça  halkara sergileriniň öňdebaryjysy bolup durýar. “InnoTrans 2022” sergi zallarynyň 4-üsinde we açyk meýdanda ýerleşen 56 ýurtdan gelen 2800-den gowrak eksponenti bir ýere jemlemegi başardy.

“Türkmendemirýollary” agentliginiň wekilleri ýük daşamakda dünýädäki tehnologik täzelikler bilen tanyşdylar we Ýewropanyň belli kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler.

Şeýle hem, myhmanlarynyň hormatyna ofisiniň üçeginde Türkmenistanyň baýdagyny galdyran Techne kompaniýasy bilen gepleşikler geçirildi.

Gepleşikleriň netijesinde “Türkmendemirýollary” agentligi bilen demirýol ýük göterijilerini öndürýän “Techne” kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi.

Ýeri gelende aýtsak, “Techne” öz taryhyny 1880-nji ýyldan alyp gaýdýan, ozal Kirow ady bilen tanalýan kompaniýanyň täze ady. Onuň ady şu hepde üýtgedilip,  ol ekologiýany goramaga, döwrebaplaşdyrmaga we depginli ösüşe gönükdirilen rebrendingiň bir bölegini düzýär.

Birnäçe ýyl mundan ozal Leýpsigdäki “Kirow” zawodynyň çäginde meşhur binagär Oskar Nimeýeriň gyzyl kerpiçden gurulan binadan sallanyp duran suwuk kristal syrçaly ak reňkli demirbeton sferasyndan ybarat bolan iň soňky taslamalarynyň biri durmuşa geçirildi. Oňa “Technesphere” diýip at berdiler. Bu sözden hem “Techne” diýen at emele geldi.

Ýene-de okaň

“Ba­ga­ja” gaz kä­ni üçin tehniki enjamlar satyn alnar

Türkmenistanda dürli maksatly plastik kartlar öndüriler

Içerki bazarda tüýjümek önümler ýerlenildi

Teswirle