Oguz han adyndaky«Türkmenfilm» birleşiginiň wekilýeti Daşkent şäherinde geçirilýän «Ýüpek ýolunyň merjeni» XIV halkara kinofestiwalyna gatnaşýar. Bu festiwal 13-18-nji sentýabr aralygynda guralýar.
Ertir bu festiwalyň resmi açylyş dabarasy geçiriler. Oguzhan adyndaky«Türkmenfilm» birleşiginiň wekiliýeti festiwalyň çäklerinde geçirilýän birnäçe medeni çäreler işjeň gatnaşýarlar.
«Türkmenfilmiň» wekili Sahysalyh Baýramow festiwala gatnaşmak üçin Özbegistana bardy. Ol ýerdäki çärelere gatnaşýan türkmen wekiliýeti ýurdumyzyň myhmansöýerliginiň nyşany hökmünde özleriniň daşary ýurtly kärdeşlerine türkmeniň milli egin-eşikleri bolan don-telpek sowgat edip, medeni gatnaşyklaryň berkemegine goşant goşýarlar.
Türkmen wekiliýeti Özbegistanyň medeniýetde at gazanan işgäri, kinorežissýor Hilal Nasimowa türkmeniň milli lybaslaryny sowgat etdiler. Belli özbek režissýory bu özboluşly sowgat üçin özüniň hoşallygyny bildirip, iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň has-da berkeýändigini belledi.
Festiwalyň çäklerinde türkmen režissýorlary Arslan Eýeberdiýewiň «Istärin», Sahysalyh Baýramowyň «Gyzyl kürte» we Wepa Işangulyýewiň «At-myrat» filmleri görkeziler.