TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmen wekiliýeti Abu-Dabide gepleşikler geçirdi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde gepleşikler geçirdi.

Gepleşikleriň barşynda BAE bilen bilelikdäki ulag-logistika kompaniýasy döretmek we täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň, Türkmenistanyň Ulag-logistika Merkeziniň we Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň wekilleri bar.

BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suhaýl Al Mazrui we “Abu Dhabi Ports” toparynyň baş direktory Juma Al Şamisi bilen gepleşikler geçirilip, ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň ugurlary maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda BAE-niň portlary dolandyrmak we sanlylaşdyrmak babatdaky tejribelerini ornaşdyrmak babatda pikir alyşmalar boldy.

Türkmenistanyň hususy pudagy bilen “Abu Dhabi Ports” toparynyň arasynda bilelikdäki kärhanany döretmek teklibi öňe sürüldi.

Mundan başga-da, azyk howpsuzlygy, türkmen harytlaryny BAE-niň bazaryna eksport etmek, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak, deňiz suwyny süýjetmek babatda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşmalar boldy.

Şeýle hem türkmen wekiliýeti Abu-Dabi şäheriniň portlarynyň işi bilen tanyşdylar.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Russiýa: ylalaşyklaryň toplumyna gol çekiler

Türkmenistanyň Prezidenti Sadyr Žaparowy doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Azerbaýjana sapary

Teswirle