TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmen-türk söwda-ykdysady gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Ç.Gylyjowyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ruhsar Pekjanyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Onlaýn duşuşygyň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Bellenlişi ýaly, Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň ozaldan gelýän hem-de köp ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary alyp barýan ýurtlarynyň biridir. Şunlukda, iki ýurduň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklar hemmetaraplaýyn we özara ynanyşmak hem-de birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Bu bolsa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň baş şertini emele getirýär.

Onlaýn tertibinde geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna baha berildi we ony hemmetaraplaýyn ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar iki ýurduň arasynda alnyp barylýan gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Hususan-da Türkmenistanda daşary ýurt işewürleriniň bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekleri üçin ygtybarly kanunçylyk binýadynyň döredilendigi nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ygtybarly maýa goýum şertleriniň döredilmegi, bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini we iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň sazlaşykly ösdürilmegini şertlendirýär.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň geljegi uly bazarynda daşary ýurt maýadarlarynyň netijeli işlemegi ugrunda döwlet derejesinde zerur şertleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk aýdyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdüriljekdigine, ikitaraplaýyn halkara sergileri guramak üçin zerur mümkinçilikleriň dörediljekdigine ynam bildirdiler.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Gümrük ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

«Sanly TIR» ulgamynyň ornaşdyrylyşy boýunça tejribe duşuşygy

Uçar kerosini, polietilen we tehniki kükürt islegden peýdalandy

Teswirle