TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmen-türk işewürler maslahaty geçirildi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen hökümetara mejlisinde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew, türk tarapyna bolsa, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaý ýolbaşçylyky etdi.

Mejlisiň çäklerinde türkmen-türk işewürler maslahaty geçirildi. Oňa türk işewürleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan köp snaly telekeçiler gatnaşdylar.

Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew we Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaý çykyş edip, iki ýurduň işewürlerini has ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga çagyrdy.

Maslahatyň çäklerinde iki ýurduň işewürleriniň arasynda gurluşyk, dokma senagaty we beýleki ugurlarda ençeme ylalaşyklara gol çekildi.

MASLAHATDAN SURATLAR…

 

Türkiýe Türkmenistan bilen haryt dolanyşygyny 10 milliard dollara ýetirmekçi

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Sankt-Peterburg söwda öýlerini açmakçy

“KamAZ”-yň täze hyzmat ediş merkezleri açyldy

Gümrük ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Teswirle