Şu gün Türkmenistanyň sebitdäki iň iri söwda hyzmatdaşlaryndan biri bolan Türkiýe Respublikasy milli baýramy bolan Garaşsyzlyk gününi, ýagny Respublika gününi belleýär. Türkiýe Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 101 ýyllygy mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok türkmen metbugatynda çykyş etdi.
Onuň beýanatynda bellenilip geçilişi ýaly, Türkiýe Respublikasy doganlyk döwletleri bilen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ilkinjileriň hatarynda ykrar eden Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini goldaýar.
Ýokary derejedäki özara saparlar döwletara gatnaşyklaryny täze derejelere çykardy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi sapary döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge uly itergi berdi. Saparyň çäklerinde gol çekilen 13 ylalaşyk iki ýurduň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi.
2023-nji ýylyň 5-6-njy dekabrynda Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň Aşgabada sapary hem örän netijeli boldy. Şol saparyň çäklerinde hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi hem-de 150-e golaý türk kompaniýasynyň gatnaşmagynda işewürler forumy geçirildi.
2024-nji ýyldaky saparlar hem gatnaşyklarymyzyň belent derejesini görkezdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň III Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. 2023-nji ýylda söwda dolanyşygy 2.6 milliard dollara deň boldy. 2024-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ikitaraplaýyn söwda 1.532 milliard dollara ýetip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 16 göterim köpdür.
Döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen ýakyn ýyllarda söwda dolanyşygyny 5 milliard dollar ýetirmek babatdaky maksadymyza ýeteris.
Türkmenistanyň garaşsyzlygyny gazanan döwründen bäri türk kompaniýalary üstünlikli iş alyp barýarlar. Olar 1000-den gowrak taslamalary durmuşa geçirdiler. Türk kompaniýalary Türkmenistanda möhüm infrastruktura taslamalaryny – elektrik beketleirni, elektrik geçirijilerini, awtoýollary, ýaşaýyş jaýlaryny, söwda merkezlerini, uniwersitetleri, mekdepleri, jemgyýetçilik binalaryny, myhmanhanalary, zawoddyr fabrikleri, muzeýleri, seýilgähleri, hassahanalary we portuň gurluşygyny amala aşyrdylar.
Häzirki wagtda türk kompaniýalary umumy bahasy 4,4 milliard dollara deň bolan 19 taslamany durmuşa geçirýärler.
Geljekde türk kompaniýalarynyň “akylly” Arkadag şäheriniň gurluşygynyň 2-nji tapgyryna hem-de “Aşgabat-siti” taslamasynyň gurluşyklaryna gatnaşmagyna garaşýarys.