TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Türkmen türgenleri sylaglandy

Şu gün Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan türkmenistanly türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanly türgenleriň halkara ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygyna mynasyp sowgat boldy.

Türkmen sportunyň abraýyny mynasyp goran türgenlere Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Türgenlerimize “Zemin” marka 55 dýuýmlyk “Android” telewizorlar hem sowgat edildi.

Dabara ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harbyw ehukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary we köp sanly türkmen ýaşlary gatnaşdy. Ýurdumyzdaky daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen bir hatarda daşary ýurtly we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdy. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly hem çagyryldy.

Oberwert (Awstriýa) şäherinde dzýudo boýunça geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda, Berlin (Germaniýa) şäherinde karatedo boýunça geçirilen halkara ýaryşda, Pardubise (Çehiýa) şäherinde (Çehiýa) şotokan karate boýunça geçirilen dünýä çempionatynda hem-de Moskwa şäherinde (Russiýa) geçirilen «Sambony esaslandyryjylaryň kubogy» atly halkara ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş etdiler.

Sportuň karatedo, şotokan karate, dzýudo we sambo görnüşleri boýunça halkara ýaryşlarynda ajaýyp netijeleri gazanan türgenleriň 26-sy altyn medala mynasyp boldy. Türgenleriň 8-si ata Watanymyza kümüş medal bilen dolandy. Ýene 4 türgenimiz bürünç medal gazanmagy başardy.

Türgenleri sylaglamak dabarasynyň çäklerinde ýurdumyzyň türgenleriniň görkezme çykyşlaryna syn edildi. Şeýle hem dabara mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konsertine tomaşa edildi.

Ýene-de okaň

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Teswirle