TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

24-25-nji sentýabr günleri Özbegistanyň Samarkant şäherinde ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionaty geçirildi. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Halkara sport çäresiniň çäginde ýeňil atletikanyň 41 görnüşi boýunça medallaryň 56 toplumy ugrundaky ýaryşlar dünýä döwletlerinden 300-den gowrak türgeni gadymy şäherde jemledi. Özbegistanyň Sport ministrligi, Milli Olimpiýa komiteti, Ýeňil atletika federasiýasy sebitleýin ýaryşyň guramaçylary hökmünde çykyş etdi. Merkezi Aziýanyň Ýeňil atletika federasiýasy bilen «Özbeknebitgaz» paýdarlar jemgyýeti-de ýaryşyň ýokary derejede geçmegine ýardam berdiler.

Sebitleýin ýaryşda türkmenistanly ýeňil atletikaçylar jemi 11 medala mynasyp boldular. Şolaryň üçüsi altyn, bäşisi kümüş, galan üçüsi bolsa bürünç medallardyr.

Biziň ýygyndymyzyň altyn medallaryny 100 metr aralygy 12,12 sekuntda geçen Walentina Meredowa, çekiç zyňmak ýaryşynda 69,10 metrlik netije görkezen Mergen Mämmedow we ýadrony 16,08 metr aralyga zyňan türgenimiz Maksat Mämmedow dagy eýeledi.

Disk zyňmak boýunça geçirilen ýaryşlarda 52,41 metrlik netije gazanan Maksat Mämmedow (ýaryşdaky ikinji medaly) we ýurdumyzyň 4х100 hem-de 4х400 aralyga ylgamak boýunça erkekler we zenanlar ýygyndylary kümüş medallaryň jemi bäşisini eýeläp, ýokary netije gazandylar. Şunda erkekler ýygyndymyzyň 4х100 metr aralygy 42,70 sekuntda, 4х400 metr aralygy 3 minut 19,92 sekuntda geçendigini bellemek gerek. Zenanlar ýygyndymyz bolsa bu aralyklar üçin degişlilikde 49,23 hem-de 4 minut 5,60 sekunt wagt sarp etdiler.

Naýza zyňmak boýunça 49,89 metrlik netije görkezen Jennet Muhamowa, 100 metr aralygy 10,80 sekuntda geçen Alişer Sadullaýew we 7,60 metr aralyga böküp bilen Bagrat Gasanbekow dagy sebit ýaryşynda hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Ýene-de okaň

Katar-2022: Niderlandlar we Senegal indiki tapgyra çykdy

Katar-2022: Braziliýa we Portugaliýa indiki tapgyra çykdy

Messi karýerasyny ABŞ-da dowam etdirip biler

Teswirle