Türkmen türgenleri – Aziýanyň çempiony

Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilýän Aziýa çempionatyndan birnäçe hoş habar gelip gowuşdy. Halkara ýaryşda 64 kilogram agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz Medine Amanowa ýaryşyň altyn medalyny gazanyp, Aziýanyň çempiony bolmagy başardy. Medine ştangany silterläp götermekde 85 kilogramyň, itekläp galdyrmakda 104 kilogramyň hötdesinden geldi. … Continue reading Türkmen türgenleri – Aziýanyň çempiony