Türkiýäniň Konýa şäherinde dowam edýän V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň agyr atletika boýunça ýaryşlarynda güýjüni synan türkmen agyr atletikaçysy Gülnabat Kadyrowa Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň rekordynyň eýesi hökmünde taryha girdi.
71 kilogram agram derejesindäki ýaryşa gatnaşan ildeşimiziň ştangany silterläp galdyrmakdaky 107 kg netijesi oňa kiçi altyn medal getirdi. Onuň bu netijesi şu görnüşden Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň täze rekordydyr.
Itekläp 118 kg agyrlygy galdyrmak bilen, Gülnabat kiçi bürünç medal eýeledi.
Şeýlelikde, iki görnüşiň jemi boýunça 225 kilogram agramlyk netije Gülnabat Kadyrowanyň umumylykda altyn medal gazanmagyny üpjün etdi. Gülnabadyň bu görkezijisi Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň nobatdaky rekordy hökmünde agyr atletikanyň taryhyna girdi.