JEMGYÝET

“Türkmen topragy – gadymy medeniýetleriň merkezi ” atly metbugat maslahaty geçirile

Türkmenistanda “Türkmen topragy – gadymy medeniýetleriň merkezi ” atly metbugat maslahaty geçiriler. Bu maslahat Aşgabatda 28-nji martda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralaryň çäklerinde geçiriler.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Mämmedowa bu çäre TÜRKSOÝ-a agza döwletlerden hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hyzmatdaşlary bolan daşary ýurt döwletleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýandygyny habar berdi.

Onuň belleýşi ýaly, forumyň işi “Türki medeniýetleriň birligi we onuň metbugatda tutýan orny”, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”, “Sanly media we habarlar” hem-de “Filmler, animasiýalar we kinofestiwallar” atly jemi 4 bölümde geçiriler.

Meýilnama laýyklykda myhmanlara taryhy ýerlere gezelenji, Aşgabat we Arkadag şäherleri bilen tanyşmagy, syýahatçylyk boýunça halkara maslahata gatnaşmagy, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary bilen duşuşygy göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Lebapdaky mugallymçylyk mekdebi Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýaşaýan ýaşlary okuwa kabul eder

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-iň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň energetika ministri Türkmenistana sapar bilen geler

Baýraktar: türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen import etmegi meýilleşdirýäris

“Ýüpek ýoly” rallisi: türkmen türgenleri baýrakly dolanýarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze departamentler döredildi

Ata Watan Eserleri