TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Türkmen toparlary AFK-nyň Kubogynda ilkinji duşuşyklaryny geçirdiler

Paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” hem-de “Köpetdag” toparlary AFK-nyň Kubogy – 2022-nji ýylyň toparçalaýyn bäsleşigindäki ilkinji duşuşyklaryny geçirdiler.

Ýurdumyzyň çempiony “Altyn Asyr” topary birinji duşuşygynda täjikleriň “SSKA-Pamir” topary bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. “E” toparçanyň beýleki duşuşygynda Özbekleriň “Sogdiana” topary Gyrgyz Respublikasynyň “Neftçi” toparyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Bu toparçanyň duşuşyklarynyň merkezleşdirilen görnüşinde Duşenbe şäherinde geçirilýändigini ýatladýarys.

Ikinji tapgyryň çäginde 27-nji iýunda geçiriljek duşuşykda “Altyn Asyryň” garşydaşy gyrgyzlaryň “Neftçi” topary bolar.

***

Aşgabadyň “Köpetdagy” topary bolsa “F” toparçanyň çäginde geçirilen duşuşykda Täjigistanyň “Hojand” toparyndan 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy. Duşuşyklary Bişkek şäherinde geçirilýän “F” toparçanyň ikinji tapgyrynyň çäginde “Köpetdag” gyrgyzlaryň “Dordoýy” bilen duşuşar. Bu duşuşyk 27-nji iýunda geçiriler.

 

«Türkmeniň Ak öýi» binasyndaky konsertler üçin awtobus gatnawy

Ýene-de okaň

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Messi ilkinji üçlükde

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Teswirle