TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Türkmen tennisçisi — Aziýanyň wise-çempiony!

Hindistanyň Bhubaneswat sebitinde geçirilen yklym ýaryşynda Ilima Guseýnowa Merkezi we Günbatar Aziýanyň ýygyndy toparyna wekilçilik etdi. Ol 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýanyň çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Aziýanyň çempionatynda özbegistanly Emiliýa Kim bilen bir toparda gatnaşan «Aşgabat» tennis akademiýasynyň 13 ýaşly wekili güýçli garşydaşlarynyň birnäçesinden üstün çykyp, hormat münberiniň ikinji basgançagyna galdy. Bu iki türgene yklym ýaryşynyň şu ýylyň ýanwar aýynda Bahreýnde geçirilen saýlama tapgyrynda Günbatar we Merkezi Aziýa sebitlerine wekilçilik etmek ynanylypdy. Olar bu ynama mynasypdyklaryny ýeňiş bilen subut etdiler.

Aziýa çempionatynyň final bölegine 18 döwletden 60-a golaý tennisçi gatnaşdy. Olar ýekelikde we jübütleýin duşuşyklary geçirdiler. Şunda gyzlaryň arasyndaky jübütleýin ýaryşda 12 topar emele geldi.

Ýeri gelende aýtsak, Ilima Guseýnowanyň bu üstünligi Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň döredilmeginiň 31 ýyllygyna ajaýyp sowgat boldy. 1992-nji ýylyň 14-nji aprelinde döredilen federasiýa häzirki wagtda 1500-e ýakyn tennisçini özünde birleşdirýär. Olaryň tälimçileriniň 40-synda ýörite, 30-synda bolsa Halkara tennis federasiýasynyň ygtyýarnamalary bar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanly tennisçiler Özbegistanyň ýygyndysyny taryhy ýeňiş bilen utdy

Bellingem “Real” toparyna geçdi

43 ýyldan soňra kubok gazandy

Teswirle