TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Türkmen telekeçileriniň uly üstünligi

Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda öz işine başlan türkmen işewürleriniň köpugurly sergisi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlandy. Ýubileý sene mynasybetli geçirilýän sergä hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem baryp gördi. Arkadagly Serdarymyz  sergi bilen tanyşlygynyň dowamynda ýokary hilli önümleri bilen ýurdumyzda we daşary döwletlerde abraý gazanan süýji-köke öndürýän we beýleki ugurlar bilen meşgullanýan telekeçileriň sergide görkezýän önümleriniň görnüşleri bilen gyzyklandy.

Sergide türkmen telekeçileriniň bu döwür içinde ýeten belent sepgitleri, gazanan ösüş-özgerişleri, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş telekeçileriniň önümleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Sergi zalynyň giň pawilýonlaryny bezän türkmen telekeçileriniň önümlerini synlap, işewürlerimiziň yhlasly zähmetine buýsanýarsyň.

Ýurdumyzyň hususy pudagyny ösdürmek milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Diýarymyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda, täze önümçilikleri ýola goýmakda, önüm bolçulygyny döretmekde, iş orunlaryny üpjün etmekde hususy pudaga möhüm orun degişli bolup durýar. Türkmen telekeçileri halkara derejede hem ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýärler, döwletimiziň abraýyny has-da belende göterýärler.

Döwrüň talabyna laýyklykda, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň yzygiderli tagallasy netijesinde, içerki bazarlarda çörek we çörek önümleriniň bolçulygynyň üpjün edilmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi. Bu önümler soňky ýyllarda azyk harytlarynyň hatarynda öz ornuny barha pugtalandyrýar.

Häzir ýurdumyzyň telekeçileri gaýtadan işleýän senagatyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýärler. Şeýlelikde, et, balyk, süýt önümleriniň, çagalar iýmitiniň, gök we miwe şireleriniň, şireli suwlaryň, maýoneziň, doňdurmanyň, gaplanan önümleriň, şol sanda süýji-kökeleriň dürli görnüşlerini öndürýärler.

Häzirki zamanyň täzeçil usullarynyň, sanly ulgamyň netijeli peýdalanylmagy bilen alnan maglumatlar degişli ugur boýunça iş alyp barýan hususy düzümleriň sany hem köpelýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli bilim ulgamynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürilmegine, türkmen ýaşlarynyň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagy ugrunda zerur şertleriň döredilmegine möhüm üns berilýär. Bu işde ylym-bilim ulgamynda iş alyp barýan hünärmenleriň degişli edebiýatlar bilen doly üpjün edilmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi.

Aýlar Ataýewa, 

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

“Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar” fakultetiniň 4-nji ýyl talyby. 

 

Ýene-de okaň

Arkadag şäheri – beýik taslamalaryň çäginde

Welosiped ─ bu hereketiň nyşany

Ata Watan Eserleri

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Teswirle