JEMGYÝET

Türkmen telekeçileriniň sergisi geçirilýär

Şu gün paýtagtymyz Aşgabadaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli guralýan sergi öz gapylaryny açdy. Bu ykdysady gözden geçiriş çäräsine “Ata Watan Media” topary hem gatnaşýar.

Sergide Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurlarda iş alyp barýan 230-dan gowrak agzasy öz önümlerini hödürleýärler we şu döwürde gazanan üstünliklerini görkezýärler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergä we  hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna Türkmenistanyň Prezidenti Gutlag hatyny iberdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döwrümiziň belent maksatlaryna ýetmekde, döwletiň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde uly işleri alyp barýar. Geçen 16 ýylyň dowamynda birleşmäniň agzalarynyň sanynyň ep-esli artmagy, hususy başlangyçlaryň rowaçlanmagy, telekeçileriň alyp barýan işleriniň geriminiň has-da giňemegi bu ugurdaky syýasatymyzyň ajaýyp miweleridir – diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlag hatynda bellenilip geçilýär.

Serginiň iş wagty:

17-nji martda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;

18-nji martda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;

19-njy martda sagat 10:00-dan 17:30-a çenli.

Ýene-de okaň

Lebapdaky mugallymçylyk mekdebi Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýaşaýan ýaşlary okuwa kabul eder

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-iň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň energetika ministri Türkmenistana sapar bilen geler

Baýraktar: türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen import etmegi meýilleşdirýäris

“Ýüpek ýoly” rallisi: türkmen türgenleri baýrakly dolanýarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze departamentler döredildi

Ata Watan Eserleri