MEDENIÝET

«Türkmen teatr sungaty» festiwaly açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda ýurdumyzyň teatr wekilleriniň, teatr toparlarynyň, döredijilik işgärleriniň, talyplaryň gatnaşmagynda «Türkmen teatr sungaty» festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiziň festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Ir bilen Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky adyndaky Talyplar teatrynyň öňündäki meýdançada «Türkmen teatr sungaty» atly festiwaly mynasybetli teatrlaşdyrylan edebi-sazly çykyşlar giňden ýaýbaňlandyryldy. Soňra  «Türkmen teatr sungaty» atly festiwala gatnaşyjylar dabaraly ýöriş bilen Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatryna ugradylar.

Olar ýol ugrunda Türkmen döwlet gurjak teatrynyň, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň baýramçylyk çykyşlaryna tomaşa etdiler, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyplarynyň nakgaş eserlerini döredýän pursatlaryny synladylar.

Festiwala gatnaşyjy teatrlaryň döredijilik toparlary Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatryna girip, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergä tomaşa etdiler.

Baş drama teatrynda geçirilen açylyş dabarasynyň dowamynda ýurdumyzyň teatr sungatynda gazanylýan üstünlikleri çeper şöhlelendirýän  wideoşekil  görkezildi. Şeýle-de ykbalyny sahna sungatyna bagyşlan halypa artistleriň birnäçesi çykyş etdiler.

Festiwalyň açylmagy mynasybetli Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň Özbegistanyň, Täjigistanyň meşhur teatrlarynyňnyň ýolbaşçylary we artistleri sanly ulgam arkaly gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

 

21 – 25-nji maý aralygynda geçirilýän festiwalyň meýilnamasy ýaş hem-de uly ýaşly tomaşaçylara niýetlenen onlarça sahna eserlerini, şeýle-de teatr ugry boýunça kärdeşleriň hem-de ussatlaryň köpsanly duşuşyklaryny öz içine alýar. Festiwalyň çäklerinde şu gün Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Gyzyl alma»,  A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda «Ýürek söýgi küýseýär»,  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Nuhuň gämisi» atly sahna oýunlary görkezildi.

«Türkmen teatr sungaty» atly festiwal dowam edýär.

 

22-nji maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

“Titanigiň” gahrymany ilkinji gezek režissýorlyk eder

Kino dünýäsiniň BAFTA baýraklary gowşuryldy

Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy

Ahyrky garagyş döwri başlandy

Magtymgulyşynaslar üçin möhüm gollanma

Aşgabatda meşhur hindi filmleri görkeziler