BILIM

Türkmen talyplary we okuwçylary halkara bäsleşiklerde jemi 1 müň 549 medal gazandy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Bilim işinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy, sanly bilim ösdürildi, okuw kitaplarydyr gollanmalar neşir edildi, elektron žurnallar döredildi.

“Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” tassyklanyldy. Ýokary okuw mekdepleri halkara reýting sanawlaryna girizildi. Bäsleşikler, ylmy-amaly maslahatlar, olimpiadalar guramaçylykly geçirildi. Şu döwürde okuwçylardyr talyplar halkara bäsleşiklerde jemi 1 müň 549 medal gazandylar.

Hasabat döwründe ylmy barlaglaryň netijeliligi ýokarlandyryldy. “Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy” tassyklanyldy.

Ýene-de okaň

“Iňlis dili” dersi boýunça IV halkara internet olimpiadasy

Türkmen wekiliýetiniň Rumyniýa iş sapary

Malaýziýanyň türkmen talyplary üçin talyp haklary mümkinçilikleri öwreniler

Garward uniwersitetinde mugt okamak mümkinçiligi: maliýe kömegini giňeldilýär

«Iň eýjejik gyzjagaz – 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

CNPC: Hytaýyň Nebit uniwersiteti üçin kabul edişlik başlandy