BILIM

Türkmen talyplary matematika olimpiadasynda 26 medal gazandy

2025-nji ýylyň 2-10-njy mart aralygynda hem Albaniýa Respublikasynyň Korça şäherinde Günorta-Gündogar Ýewropa döwletleriniň uniwersitetleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen 19-njy Halkara matematika olimpiadasynda türkmen talyplary üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Halkara olimpiada ýurdumyzdan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Ýagşygeli Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar gatnaşdy.

Bu olimpiada biziň döwletimiz bilen bir hatarda Albaniýa, Bolgariýa, Serbiýa, Rumyniýa, Gresiýa, Demirgazyk Makedoniýa Respublikalaryndan 35 sany ýokary okuw mekdeplerinden düzülen toparlarda 150-den gowrak talyp çykyş etdi. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary olimpiadada özleriniň zehinlerini görkezip jemi 26 medala, ýagny 3 altyn, 10 kümüş, 13 sany bürünç medallara mynasyp boldular. Şeýle-de, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Ödaýewa Medine Baş Baýragy eýeledi.

12-nji martda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mejlisler zalynda halkara olimpiadanyň ýeňijilerini sylaglandyryş dabarasy boldy.

Ýene-de okaň

«Iň eýjejik gyzjagaz – 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

CNPC: Hytaýyň Nebit uniwersiteti üçin kabul edişlik başlandy

Türkmen ýaşlarynyň dykgatyna! Rumyniýa okuw üçin resminamalar kabul edilip başlandy

Türkmen ýaşlary 2025-2026-njy okuw ýylynda Rumyniýa okuwa iberiler

Günorta Florida uniwersitetinde kiberhowpsuzlyk we emeli aň kolleži döredilýär

“British International University Turkmenistan” taslamasyny döretmek teklip edilýär