TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Türkmen talyplary halkara matematika olimpiadasyndan baýrakly dolandy

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 4 — 6-njy noýabr aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowiçe şäherinde geçirilen matematika dersi boýunça halkara olimpiadada hem üstünlikli çykyş etdiler. Bu olimpiadada türkmen talyplary medallaryň 20-sine mynasyp bolmagy başardylar. Şahsy görnüşde geçirilen bäsleşikde 16 medal gazanylyp, olaryň 7-si altyn, 6-sy kümüş, 3-si bolsa bürünç medallardyr. Şonuň ýaly-da, türkmenistanly talyplar toparlaýyn bäsleşikde 4 medala, ýagny 1 kümüş we 3 bürünç medala mynasyp boldular. Bu barada www.turkmenmetbugat.gov.tm saýtynda habar berilýär.

Olimpiada Türkmenistanyň, Awstriýanyň, Germaniýanyň, Polşanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň, Slowakiýanyň, Wengriýanyň, Şweýsariýanyň, Ukrainanyň we Malaýziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň 35-sinden jemi 180 talyp gatnaşdy. Oňa Türkmenistandan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Döwlet energetika institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary wekilçilik etdiler.

Halkara olimpiadada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Murad Sapaýew, Röwşen Öwezmyradow, Akmuhammet Akmyradow altyn, Resul Şamuhammedow, Serdar Ärsaryýew kümüş medallara eýe boldular. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Muhammetnur Bagbekow, Oguldöndi Gulyýewa altyn, Döwletmyrat Esenow, Laçyn Mämmedowa bürünç, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Döwran Myradow altyn, Döwlet energetika institutynyň talyplary Gurt Döwletow altyn, Muhammet Annaýew kümüş, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Ýazjuma Nurjaýew kümüş, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Akmyrat Tirkeşow kümüş, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary Meýlis Babaýew kümüş, Ramazan Nurýagdyýew bürünç medala mynasyp boldy.

Toparlaýyn ýaryşda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň topary kümüş medala, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň topary bürünç medala, Döwlet energetika institutynyň we Türkmen oba hojalyk institutynyň bilelikdäki topary, şeýle-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň bilelikdäki topary, degişlilikde, bürünç medallara mynasyp boldular.

Ýene-de okaň

Türkiýede bilim almak isleýänler üçin wajyp maglumat: ÝÖS synagy haçan?

Baş Redaktor

Talyplyga dalaşgärler harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürip bilýär

Amerikanyň sözlügi 2022-nji ýylyň sözüni saýlady

Teswirle