TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Türkmen-rus uniwersiteti: tehniki we lukmançylyk ugurly hünärmenler taýýarlanar

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky ylym we ýokary bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi. Şol mejlisde türkmen raýatlarynyň Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine bilim almagy hem-de bilelikdäki türkmen-rus uniwersitetini döretmek meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Hökümetara toparynyň mejlisine Russiýa Federasiýasynyň ylym we ýokary bilim boýunça ministriniň orunbasary Natalýa Boçarowa gatnaşdy. Bu barada rus ministrliginiň resmi saýtynda bellenilip geçildi.

Häzirki wagtda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde 30 müňden gowrak türkmen raýaty bilim alýar. Her ýyl Russiýanyň Hökümeti türkmen talyp dalaşgärleri üçin kwota berýär. 2022-2023-nji okuw ýylynda hem 250 orunlyk kwota berildi. Ýene-de şu möçberde ornuň geljek ýyldaky okuw ýylynda hem bermek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň raýatlarynyň Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde saýlaýan esasy ugurlarynyň hatarynda – lingwistika, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary, nebitgaz işi, informatika, döwrebap tehnologiýa, binagärlik, psihologiýa we stomatologiýa ugurlary bar.

Natalýa Boçarowa Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim boýunça ministrliginiň Türkmenistandan talyp dalaşgärleriniň Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän talyp sanyny artdyrmak mümkinçiligine garamaga taýýardygyny belledi.

Şeýle hem bu mejlisde Türkmenistanda türkmen-rus bilelikdäki uniwersiteti döretmek meselesine seredildi. Şu ýyl Türkmenistan tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim boýunça ministrligine şeýle başlangyç boýunça hat iberildi.

Türkmen-rus uniwersitetini döretmek boýunça birnäçe duşuşyklar geçirildi we 2022-nji ýylyň oktýabrynda bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi babatda degişli meýilnama we konsepsiýa taýýarlandy. Ol hem türkmen tarapynyň garamagyna iberildi.

Türkmen tarapy öz gezeginde geljekki uniwersitetde tehniki we lukmançylyk ugurly hünärmenleriň taýýarlanmagyna gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-rus uniwersitetiniň okuw maksatnamasy rus ülňülerinde amala aşyrylar we şol sebäpli Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim boýunça ministrliginiň buýrugy bilen tassyklanan ugurlar we hünärmenleriň sanawy türkmen tarapyna berildi.

Bilelikdäki uniwersitet döretmegiň başlangyç tapgyrynda guramaçylyk we usulyýet kömegi bermek üçin iki tarapdan utgaşdyryjy uniwersitetler kesgitlener diýlip çaklanylýar.

Mundan başga-da, rus tarapy türkmen kärdeşlerine uniwersitetiň işlemeginiň esasy mehanizmlerini kesgitleýän türkmen-rus uniwersitetiniň döredilmegi we şertleri barada hökümetara ylalaşygynyň taslamasyny iberdi.

 

Ýene-de okaň

Türkiýede bilim almak isleýänler üçin wajyp maglumat: ÝÖS synagy haçan?

Baş Redaktor

Talyplyga dalaşgärler harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürip bilýär

Amerikanyň sözlügi 2022-nji ýylyň sözüni saýlady

Teswirle