JEMGYÝET

Türkmen-rus hyzmatdaşlyk gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde geçirilýän “KazanSummit 2022” XIII halkara ykdysady sammitiň işine gatnaşdy. Bu barada Tatarystanyň resmi habarlar agentligi habar berýär.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “KazanSummit 2022” XIII halkara ykdysady sammitiň çäklerinde “Kazan Ekspo” meýdançasynda Russiýa Federasiýasynyň ykdysady ösüş ministri Maksim Reşetnikow bilen duşuşdy. Bu duşuşyga Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow, Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmyýew we Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşiniň başlygy Farid Muhammetşin gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine degişli meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Russiýanyň işewürliginiň gatnaşmagynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda amala aşyryljak geljegi uly taslamalar barada pikir alşyldy.

Russiýa Federasiýasynyň ykdysady ösüş ministri Maksim Reşetnikow rus işewürliginiň gatnaşmagyndaky maýa goýum taslamalarynyň öz işjeňligini saklap galýandygyny belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystana sapary

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Hytaý: halkara awtomobil gatnawlary hakynda ylalaşyga gol çekildi

Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeriniň Aşgabada sapary

Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagy maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Kuraş-2023: Türkmenistan 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň 5-nji altyn medalyny Daýanç Omirow gazandy

Kuraş-2023: Sabina Kadyrowa altyn medal gazandy