Türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlardan getirilmegi dowam edýär

Türkmenistanyň Hökümeti ýiti öýken sowuklama keseli bilen baglanyşykly emele gelen çäklendirmeler sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlarymyz yzygiderli ýurdumyza getirilýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkiýeden, Russiýadan, Belarusdan, Hindistandan we beýleki ýurtlardan raýatlarymyzyň getirilendigini belläpdik.

Bu gezek hem Gazagystandaky, Gyrgyz  Respublikasyndaky, Özbegistandaky hem-de Gruziýadaky raýatlarymyzy getirmek üçin degişli işler geçirilýär. Bu barada “orient.tm” internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Habarda bellenilip geçilişi ýaly, 2020-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Gazagystandaky 100 raýatymyz “Garabogaz” gözegçilik-geçiriş nokadyndan ýurdumyza gelerler. Olar şol ýerdäki meýdan gospitalynda 2 hepdelik karantin çäresine tabyn bolarlar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň 16 raýaty we Owganystanyň 2 raýaty “Özbegistan” awiakompaniýasynyň Bişkek-Daşkent uçary bilen Daşkende gelerler. Şol ýerdenem 2-nji noýabrda tükrmen-özbek serhedindäki  “Olot-Farap” gözegçilik-geçiriş nokadyna gelip, ýurdumyzyň çägine geçerler. Bu raýatlarymyz hem Lebap welaýatynda 14 gün karantinde bolarlar.

Okap bilersiňiz  Klassiki grek saladynyň taýýarlanylşy

Bulardan başga-da, oktýabr-noýabr aýlarynda Gruziýadaky 50 türkmen raýaty Azerbaýjanyň üsti bilen Türkmenistana gelerler. Raýatlarymyzyň bu topary awtobus bilen Azerbaýjana gelip, şol ýerdenem Türkmenbaşy-Alýat-Türkmenbaşy paromy bilen ýurdumyza gelerler.

Gruziýadan geljek raýatlarymyz hem Türkmenbaşy şäherindäki ýöriteleşdirilen karantin merkezinde 14 gün galarlar.

RUSSIÝA UÇAR GATNAWY

Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi ýüz tutmasy bilen 25-nji oktýabrda “S7” awiakompaniýasy Moskwa-Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça gatnaw amala aşyrar.

Bu uçar bilen Moskwadan Türkmenabat şäherine Türkmenistanda hereket edýän diplomatik wekilhanalaryň işgärleri we olaryň maşgala agzalary gelerler. Yzyna bolsa, şol uçar bilen Türkmenistandan Russiýada gidip barýan raýatlar äkidiler.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

ÝENE-DE OKAŇ

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň German ykdysadyýetiniň Gündogar Komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn özara hereketleriň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar, Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşiniň oňyn depgini bellenilip geçildi. Ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys ugurlary boýunça köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurlygy nygtaldy. Türkmen-german...
Futbol boýunça Ýewropa çempionaty doam edýär. Düýn "D" hem-de "E" toparlarynda nobatdaky duşuşyklar geçirildi.
Okap bilersiňiz  Dünýäniň iň baý adamynda ýekeje hususy öý hem galmaz
"D" TOPARYNYŇ DUŞUŞYKLARY "D" toparynda Angliýa bilen Şotlandiýanyň milli ýygyndylary London şäherinde duşuşdylar. Duşuykda hasap açylmady. Bu toparyň beýleki duşuşygynda bolsa Horwatiýanyň milli ýygyndysy bilen Çehiýanyň ýygyndylary duşuşdy. Duşuşyk 1:1 hasabynda deňme-deň gutardy. Çehiýanyň düzüminde duşuşygyň 37-nji minutynda 11 metrlik jerime urgusyndan Peter Şik tapawutlandy. Horwatiýadan bolsa 47-nji...
Hormatly okyjylarymyz! “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň! Hormatly her günki täleýnama...
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bişkegiň ýylylyk elektrik stansiýasyna tebigy gaz üpjünçiligi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşar. Bu barada ýurduň parlamentinde Premýer-ministr Ulukbek Maripow habar berdi. "orient.tm" neşirindäki habara görä, bu mesele Žaparowyň Türkmenistana amala aşyrjak saparynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylar. Saparyň haçan amala aşyryljakdygy barada maglumat berilmeýär. - Gyrgyz Prezidentiniň Türkmenistana iş sapary bolar. Energetika ugruna...
Türkmenistanyň Hökümeti halkara şertnamalara laýyklykda, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplaryny daşary ýurda iberer. Bu barada "orient.tm" internet neşirinde bellenilip geçilýär. Internet neşirine bu barada ýurdumyzyň Bilim ministrligi tarapyndan degişli meýilnamalar babatda habardar edilen talyplar habar beripdir. Döwletiň hasabyna ozal daşary ýurtda bilim alýan we pandemiýa döwründe Türkmenistana gaýdyp gelen talyplary ibermegi guramak meýilleşdirilýar. Şeýle hem Wengriýanyň we...

Teswirler

Aýbölek Abdyrasulowa
Edepli Ile Ýarar
Babahan Berdiýew
“Öwgi” usuly
18,713BeğenenlerBeğen
19,500TakipçilerTakip Et
839TakipçilerTakip Et
417AbonelerAbone

Iň täze habarlar