Şu ýylyň 24-25-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynda “Ak şäherim Aşgabat” atly sergi guralar diýip, Aşgabat şäher häkimliginiň resmi internet sahypasynda habar berilýär. Sergi Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp, paýtagtymyzyň şäher gurluşygy, senagat, medeni we intellektual ugurlarda gazananlaryny görkezer.
Döwlet edaralarynyň wekilleri we ýurdumyzyň telekeçileri XXII halkara sergisine gatnaşar.