SIZDEN GELENLER

Türkmen-özbek gatnaşyklary – hoşniýetli goňşuçylygyň nusgasy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy giň gerimde ösdürilýär. Munda iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkeýändigini hem-de pugtalanýandygyny görmek bolýar. Türkmenistanyň oňyn pikirleri we başlangyçlary bütin dünýäde özara düşünişmäge we ynanyşmaga, ähli döwletleriň hem-de halklaryň deňhukuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Ýakyn goňşy döwletler bilen ysnyşykly we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Özbegistan Respublikasy Türkmenistanyň iň ýakyn goňşularynyň biridir. Bu ýurt bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklary asyrlaryň jümmüşinden bäri dowam edip gelýär. Biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň taryhy ösüşinde, medeniýetlerinde we däp-dessurlarynda hem deň gelýän ýerleri hem köpdür. Biziň döwletimiz goňşy Özbegistan döwleti bilen köptaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Türkmenistan we Özbegistan söwda-ykdysady we ulag-kommunikasiýa geçelgeleriniň möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen, “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça utgaşykly gatnaşygy ösdürýärler.

Türkmenistan we Özbegistan gadymy täsin medeniýetleriň mirasdüşerleri bolmak bilen, umumadamzat gymmatlygynyň aýrylmaz bölegi bolan taryhy-arheologik ýadygärluklere aýawly garamak babatda işler alnyp barylýar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen hem-de häzirki we geljeki nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyga eýe bolan Nusaýyň, Merwiň, Köneürgenjiň, Samarkandyň, Buharanyň, Hywanyň we beýleki merkezleriň ýadygärlikleri diňe bir köp sanly syýahatçylar üçin däl, eýsem, alymlar üçin hem özüne çekiji merkezler bolup durýar.

Tebigatyň özi biziň topraklarymyza täsin baýlyklary peşgeş berdi. Türkmenistan we Özbegistan tebigata hem onuň baýlyklaryna aýawly garamak bilen, suw-energetika serişdelerini rejeli ulanmak, ekologiýany mundan beýläk hem gowulandyrmak, daşky gurşawy goramak boýunça degişli maksatnamalary baglaşýarlar we üstünde işleýärler.

Türkmenistanyň hem Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlyga eýe bolan pursadyndan iki halkyň hoşniýetli we doganlyk gatnaşyklary has-da berkedi we täze eýýama gadam basdy. 1993-nji ýylyň 7-nji fewralynda döwletara diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýlanyndan soň, geçen çärýek asyrdan gowrak wagtyň dowamynda biziň döwletlerimiz ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde dostlukly we netijeli hyzmatdaşlygyň baý tejribesini topladylar. Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň okgunly ösüşi syýasy gepleşiklere, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ulgamlarynyň giňeldilmegine, şeýle-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça ysnyşykly gatnaşyklara esaslanýar.

Türkmenistan Özbegistanyň durmuşa geçirýän oňyn daşary syýasatyna hormat goýmak bilen garaýar. Özbegistan, öz nobatynda, Türkmenistanyň umumy ykrar edilen hemişelik Bitaraplygyny goldamak bilen, 1995-nji we 2015-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli kararnamalarynyň kabul edilmeginiň awtordaşlarynyň biri bolup durýar.

Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy halkara bileleşigiň parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek babatda tagallalaryny birleşdirip uly goşant goşýarlar. Häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üsti netijeli hyzmatdaşlyk hem-de abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly düzümleriň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak bilen ýetirilýär. Hususan-da, Özbegistan Türkmenistanyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna howpsuz üstaşyr geçirmek, ählumumy ulag we halkara gatnaşyklaryň beýleki meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek ulgamynda başyny başlan iri resminamalaryň birnäçesiniň awtordaşy bolup durýar.

Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň özara eksport kuwwatynyň artmagy söwda, ykdysady, ylmy-tehniki ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna getirýär. Hususan-da, Türkmenistan goňşy ýurda nebithimiýa, dokma senagatynyň önümlerini iberýär. Özbegistan, öz nobatynda, biziň döwletimize himiýa senagatynyň  we metal önümlerini, gurluşyk serişdelerini, hojalyk we elektrik enjamlaryny hem-de ulag şaý-seplerini eksport edýär.

Hormatly Prezidentimiziň oktýabr aýynyň 4-5-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynda boljak resmi saparynyň türkmen-özbek gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açjakdygyna berk ynanýarys. Türkmen-özbek dost-doganlyk gatnaşyklaryny barha pugtalandyrýan, bagtyýar durmuşda, agzybirlikde ýaşamak üçin ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Annaberdi Kaşaňow

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

Nobel hepdeligi: lukmançylyk ugrunyň ýeňijileri belli boldy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan – gadymy medeniýetiň ojagy

Türkmenistan – medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan ýurdy

Matematika we sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Ata Watan Eserleri

Bilimli ýaşlar — Watanyň beýik gurujylary

Medeniýet halkyň kalbydyr