TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Türkmen-özbek dostluk festiwaly badalga aldy

Şu gün  Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde türkmen-özbek gatnaşyklaryny hasda berkitmek ugrunda iki gün dowam etjek Türkmen-özbek dostluk festiwaly öz işine başlady. Bu festiwalyň çäklerinde iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti, milli gymmatlyklara esaslanýan döredijilik duşuşyklary, doganlyk halklarynyň amaly-haşam sungatynyň sergisi guralar, sahna oýunlary, birnäçe filmler görkeziler. Festiwal ýokary guramaçylyk alnyp barylyp, dostluga uzaýan ýollary, netijeli hyzmatdaşlygy has-da berkider.

Türkmen-özbek dostluk festiwalyna gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Gutlag hatlaryny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti öz Gutlag hatynda: “Türkmen we özbek halklarynyň medeniýetinde, sungatynda, edebiýatynda gazanylýan üstünlikler biziň ýurtlarymyzyň dostlukly gatnaşyklarynyň binýadyny has-da berkitmäge hyzmat edýär. Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylda Daşoguz welaýatynda geçirilen türkmen we özbek halklarynyň döredijilik forumy — iki doganlyk halkyň dostluk festiwaly biziň gatnaşyklarymyzyň taryhy senenamasyna altyn harplar bilen ýazyldy” diýip belleýär.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Gutlag hatynda bolsa, “Biziň doganlyk halklarymyzyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklar ýyldan-ýyla barha işjeňleşdirilýär, dürli konsertler, festiwallar, sergiler guralýar, Medeniýet we kino günleri geçirilýär, ýurdumyzda Türkmen milli medeniýet merkezleri hereket edýär. Ýakynda Özbegistanyň Ýazyjylar birleşigi hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan “Türki edebiýatyň dürdäneleri” atly 100 jiltlik eserler ýygyndysy neşir edildi. Ýygyndynyň 10 jilti türkmen edebiýatynyň saýlama eserlerine bagyşlandy. Oňa Azady, Andalyp, Magtymguly, Mollanepes, Berdi Kerbabaýew, Hydyr Derýaýew, Atajan Tagan ýaly nusgawy we häzirki zamanyň görnükli şahyrdyr ýazyjylarynyň onlarçasynyň döredijiliginiň iň gowy nusgalarynyň girizilendigi aýratyn bellärliklidir.” diýlip bellenilýär.

Ine, şu gün Daşoguz welaýatyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda Türkmen-özbek dostluk festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa iki dostlukly ýurduň medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Şeýle hem açylyş dabarasyna Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow hem-de Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekow hem gatnaşdy.

Açylyş dabarasynda iki ýurduň sungat ussatlarynyň konsertine tomaşa edildi. We­la­ýat mer­ke­zin­dä­ki «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­syn­da iki ýur­duň ama­ly-ha­şam we zer­gär­çi­lik sun­ga­ty­nyň eser­le­ri­niň ser­gi­si gu­ra­ldy.

Da­şo­guz şä­he­rin­dä­ki Nur­mu­ham­met An­da­lyp adyn­da­ky saz­ly-dra­ma te­at­ryn­da Öz­be­gis­ta­nyň Ho­rezm we­la­ýa­ty­nyň ugur­daş te­at­ry­nyň Aly­şir No­wa­ýy­nyň «Leý­li — Mej­nun» ese­ri esa­syn­da sah­na­laş­dy­ran «Kaýs» spek­tak­ly, de­mir­ga­zyk se­bi­tiň sah­na us­sat­la­ry­nyň taý­ýar­lan «Yg­rar ata­şy» at­ly oý­ny giň to­ma­şa­çy­lar köp­çü­li­gi­ne gör­ke­zi­ler. We­la­ýa­tyň S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky et­ra­by­nyň Al­tyn ýol ge­ňeş­li­gi­niň Di­le­war oba me­de­ni­ýet öýün­de türk­men we öz­bek ki­no sun­ga­ty­nyň us­sat­la­ry bi­len ge­çi­ril­jek dö­re­di­ji­lik du­şu­şy­gy ýa­kym­ly pur­sat­la­ra bes­le­ner. To­ma­şa­çy­lar tä­ze dü­şü­ri­len türk­men we öz­bek film­le­ri­ne to­ma­şa eder­ler.

 

Ýene-de okaň

Uly çille

Aşgabadyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi

Iň owadan düýe saýlandy

Ata Watan Eserleri

Teswirle