TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmen önümleriniň BAE eksporty maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmen tarapyndan onlaýn-duşuşyga Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we ýurduň beýleki pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga arap tarapyndan BAE-nyň Söwda senagat edaralarynyň Federasiýasynyň Baş sekretary Humaýd Mohamed ben Salem we Söwda-senagat edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Gepleşikler Türkmenistanyň hem-de BAE-nyň söwda-ykdysady pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanyldy.

Duşuşykda söwda gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça has wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, hususan-da eksport we import mümkinçiliklerini mundan beýläk hem artdyrmaklyk teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Birleşen Arap Emirliklerine türkmen dokma we haly önümleriniň, şeýle hem türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilen azyk önümleriniň eksport edilmegi bilen bagly meselelere seredip geçdiler.

Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň onlaýn-duşuşyklaryny we işewürler maslahatlaryny gurnamak barada ylalaşyklar gazanyldy.

Ýene-de okaň

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Teswirle