BILIM

Türkmen okuwçylarynyň halkara üstünligi

Gazagystan Respublikasynda 7-12-nji ýanwar aralykda geçirilen matematika, fizika we informatika dersleri boýunça Halkara ders bäsleşiginde türkmen mekdep okuwçylary üstünlikli çykyş etdi.

Ozal habar berlişi ýaly, ders bäsleşigine dünýäniň 21 ýurdundan, şol sanda Russiýa Federasiýasyndan, Awstriýadan, Daniýadan, Rumyniýadan, Serbiýadan, Hindistandan, Indoneziýadan, Eýrandan, Mongoliýadan, Belarusdan, Ukrainadan, Ermenistandan, Gruziýadan, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan zehinli okuwçylaryň müňden gowragy gatnaşdylar.

Biziň ýurdumyzyň toparyna halkara derejesinde ukyplaryny mynasyp görkezen bäsdeşleriň 10-sy wekilçilik etdi.

Zehinlileriň informatika boýunça bäsleşiginde paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiniň okuwçysy Süleýman Ataýew kümüş medal gazandy.

Aşgabatdan hem-de Diýarymyzyň welaýatlaryndan ýokary synp okuwçylarynyň ýedisi üçünji orna we bürünç medallara eýe boldular. Şolardan üçüsi matematika boýunça, üçüsi fizika boýunça we biri informatika boýunça gazanyldy.

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

Ýene-de okaň

«Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik geçirilýär

Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni giňden belleniler

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görülýär

Ylymlar gününde geçiriljek çäreler

Ýaponiýa talyp hakly okuw maksatnamalaryna çagyrýar

Türkmen wekiliýeti “THE Aziýa baýragy- 2024” sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri