TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Türkmen okuwçylary «Aziýanyň çagalary» oýunlaryna gatnaşarlar

Türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň «Aziýanyň çagalary» atly II halkara gyşky sport oýunlarynda ýaryşjak sport görnüşi belli boldy. Olar şu ýylyň 23-nji fewralyndan 5-nji marty aralygynda Russiýa Federasiýasynyň şäherlerinde geçiriljek oýunlara şort-trek boýunça gatnaşarlar. Häzirki wagtda mekdep okuwçylary bu halkara sport oýunlaryna ykjam taýýarlyk görýärler. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Ýaryşyň maksatnamasyna sportuň şort-trek, dag lyžasy, snoubord, lyžaly typmak, tramplinden bökmek, hokkeý, figuralaýyn typmak hem-de ilkinji gezek kýorling, fristaýl we konkili typmak görnüşleri girizildi. Ýaryşa Aziýa yklymynyň 20 döwletinden wekilleriň gatnaşjakdygy habar berilýär.

Ýeri gelende ýatlasak, 2022-nji ýylyň tomsunda türkmenistanly çagalar Russiýanyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» VII halkara tomusky sport oýunlarynda hem şowly çykyş edipdiler.

Ýene-de okaň

Messi Ronaldonyň rekordyny täzeledi

55 ýaşynda futbol oýnamagy dowam edýär

Ata Watan Eserleri

Futbol boýunça Aziýanyň kubogy Saud Arabystanyda geçiriler

Teswirle