TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebi

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. Oba ho­ja­ly­gy­nyň me­ha­ni­za­si­ýa­sy.
  2. Ag­ro­nom­çy­lyk.
  3. Buh­gal­ter­çi­lik ha­sa­ba al­ny­şy.
  4. Yk­dy­sa­dy­ýet we me­ýil­na­ma­laş­dyryş (oba ho­ja­ly­gyn­da).
  5. Gid­ro­me­lio­ra­si­ýa.
  6. We­te­ri­na­ri­ýa.
  7. Ýer ula­ny­ly­şy.
  8. Mag­lu­mat ul­gam­la­ry (oba ho­ja­lygyn­da).

Or­ta hü­när okuw mek­de­bi­ne Türk­me­nista­nyň umu­my or­ta bi­lim­li, ýa­şy 35-den geçme­dik ra­ýat­la­ry gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça bäs­le­şik esa­syn­da ka­bul edil­ýär.

Oku­wyň möh­le­ti 2 ýyl we tö­leg­li.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry Da­şo­guz şä­he­rinde 2020-nji ýy­lyň 6-njy iýu­ly — 8-nji aw­gus­ty ara­ly­gyn­da ka­bul edil­ýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da di­rek­to­ryň ady­na ýa­zy­lan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­na­ma (an­ke­ta);

— umu­my or­ta bi­lim ba­ra­da res­mi­na­manyň asyl nus­ga­sy;

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan belle­ni­len nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rin­den, har­by bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— bel­le­ni­len nus­ga bo­ýun­ça okuw üçin töle­gi öz wag­tyn­da amal et­me­giň ke­pil ha­ty;

— 3×4 sm öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny fo­to­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­der­çe­si­niň tas­syk­la­nan gö­çür­me­si;

— gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li ge­çen ýag­da­ýyn­da ar­tyk­maç­lyk­lar­dan peý­da­lan­ýan oku­wa gir­ýän ýy­lyn­da mek­dep okuw­çy­la­rynyň ders­ler bo­ýun­ça döw­let bäs­le­şi­gi­niň ýeňi­ji­le­ri, umu­my­bi­lim ders­le­ri bo­ýun­ça hal­kara bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şan Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry şol ýag­daý­la­ry tas­syk­la­ýan de­giş­li res­mi­na­ma­nyň asyl nusga­sy­ny tab­şyr­ýar­lar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­dir­ýän­ler ýo­kar­da gör­ke­zi­len res­mi­na­ma­lar bi­len bir­lik­de res­mi­na­ma­la­ry ka­bul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşak­da­ky­la­ry gör­kez­ýär­ler we nusga­la­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:

— şah­sy pas­por­ty­ny;

— Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­rin­de har­by gul­lu­gy ge­çen­ler har­by şa­ha­dat­na­masy­ny, har­by gul­lu­gy geç­me­dik ýi­git­ler ýa­zy­lyş şa­ha­dat­na­ma­sy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri bo­ýun­ça har­by we­kil­lik­den gü­wä­ha­ty­ny.

Da­laş­gär ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin artyk­maç hu­kuk­dan peý­da­lan­ýan­dy­gy­ny tas­sykla­ýan beý­le­ki res­mi­na­ma­la­ry gör­ke­zip bi­ler.

Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we res­mi iş ka­gyz­la­ry üçin da­laş­gär şah­sy jo­gap­kär­çi­lik çek­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edilmek 2020-nji ýy­lyň aw­gust aýy­nyň 11-12-si, 14-i we 15-i gün­le­rin­de Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň Da­şo­guz ag­ro­se­na­gat or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de (Da­şo­guz ş.) ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry aşak­da­ky ders­ler bo­ýunça ge­çi­ril­ýär:

oba ho­ja­ly­gy­nyň me­ha­ni­za­si­ýa­sy; gid­rome­lio­ra­si­ýa; ýer ula­ny­ly­şy; mag­lu­mat ul­gamla­ry (oba ho­ja­ly­gyn­da) hü­när­le­ri — ma­te­mati­ka, fi­zi­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

ag­ro­nom­çy­lyk; we­te­ri­na­ri­ýa; hü­när­le­ri — bio­lo­gi­ýa, hi­mi­ýa, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

buh­gal­ter­çi­lik ha­sa­ba al­ny­şy; yk­dy­sa­dy­ýet we me­ýil­na­ma­laş­dy­ryş (oba ho­ja­ly­gyn­da) hünär­le­ri — ma­te­ma­ti­ka, bio­lo­gi­ýa, Türk­me­nista­nyň ta­ry­hy.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türk­menis­ta­nyň or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw mak­sat­nama­la­ry­nyň esa­syn­da ge­çi­ril­ýär.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry döw­let dilin­de dil­den ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­le­nen wagt­da sy­na­ga esas­syz se­bäp­le­re gö­rä gelip bil­me­dik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri bo­ýun­ça sy­nag­dan ge­çip bil­me­dik­ler soň­ky sy­nag­la­ra goý­be­ril­me­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça deň muk­dar­da ba­ha alan­lar­dan ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan aşak­da gör­ke­zi­len­ler peý­da­lan­ýar­lar:

— soň­ky 2-3 ýy­lyň do­wa­myn­da ýo­ka­ry ne­ti­je­ler ga­za­nan we et­rap hä­kim­li­gi ta­ra­pyndan de­giş­li hü­när­le­re hö­dür­le­nen kä­ren­de­çiler we mülk­dar­lar.

— ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy ge­çen­ler.

Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň Da­şo­guz ag­ro­se­na­gat or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň sal­gy­sy: Da­şo­guz ş., Ýol­çy kö­çe­si, 370, tel.: 6-45-58.

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda italýan dili öwredilýär

Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi gurlar

Türkmenistanyň wekiliýeti “Bilimi özgertmek boýunça sammite” gatnaşýar

Teswirle