SIZDEN GELENLER

Türkmen monumental heýkeltaraşlygynda bedewleriň çeper keşbi

Ahalteke bedewleri nirede we haçan peýda boldy? – bu soraga jogap tapmak üçin onuň gelip çykyşy iň gadymy siwilizasiýanyň dörän wagtyna gabat gelýändigi babatda söz açmalydyr. Olar barada: “Ýüwrüklikde dünýäde hiç bir zat olar bilen bäsleşip bilmez, kepderiler we durnalar olaryň yzyna zordan eýerýär” diýip, Ksenofont gadymy grek taryhçysy belläp geçýär.

Atlaryň atlandyrylmasy, görnüşleri, bedeni tapawutlygy olaryň ýaşaýan ýerleriniň tebigy gaty, howa şertleri bilen bagly bolýar. Olaryň tarypyny, eýýäm miladydan öňki V asyrda ýaşan, grek taryhçysy Gerodot: “Gündogarda ajaýyp atlar gezýän Nusaý atly ägirt uly giňişlik bar” diýip belleýär. “Nusaý atlary öz gözelligi bilen tapawutlanýar. Bu bedewler kuwwatly şalara mynasyp. Olar tüňňiburun buýsançly başlaryny belent tutýar we olaryň ýallary günüň astynda owsun atýar” diýip, miladydan öňki II asyrda ýaşan, rim taryhçysy Appian ýazýar. Olaryň ýany bilen, täze eýýamyň başynda ýaşan, meşhur grek geografy we taryhçy Strabon: “Nusaý bedewleri iň iri we owadan atlardyr, olary pars şalary münýär” diýip, olaryň tarypyny ýetirip, ýokardaky pikiri tassyklaýar. Soňra olar, Parfiýa döwletiniň ýüze çykmagy bilen, Mesopotamiýadan Hindistana çenli ägirt uly giňişligi özüne tabyn eden kuwwatly döwletiň mertlik nyşanyna öwrülýär. Bilşimiz ýaly, Marguşdan tapylan taýçanak hem munuň aýdyň subutnamasy bolup biler. Owadan sazyň owazyna meňzeş bolan tohum aty, şalara goýulýan hormat bilen jaýlanypdyr, çünki ol baryp bäş müň ýyl öň bu topragyň belent buýsanjy bolupdyr, diýsek hem ýalňyşmarys. Rowaýatlarda we sungatda ebedileşdirmek hormatyna mynasyp bolan atlar barada gürrüň açaly.

Häzirki günde türkmenleriň gadymy ata-babalary uly galalar, kaşaň köşkdir-binalar, ybadathanalar ýaly ýadygärlikleriň üsti bilen öz taryhy barada habar berýärler. Ýöne olardan has irki döwürlerde adamlaryň ilkidurmuş hojalyk ojaklary peýda bolandygy barada hem bellemelidir. Olaryň içinde biri-biriniň yzyndan hatar tutyp, tirkeşip gidýän köpsanly ilatly ýerleriň ugrynda “Jeýtun” ady bilen bellenen taryhy ýadygärlik bar. Ol Aşgabadyň 28 kilometr demirgazyk-günbatrynda, çöllügiň, sähel göze ilýän gum depesi görnüşinde saklanyp galypdyr. Miladydan öňki VII-VI müňýyllyklaryň sepgidinde bu ýerde iň irki ekerançylar hem-de maldar ilaty ýaşapdyr. Soňra onuň ilaty kem-kemden Köpetdaga tarap göçüp süýşipdir. XX asyrda bolsa bu içgin öwrenilen obajyk “Jeýtun medeniýeti” ady bilen ylym dünýäsine girizildi.

Şol ugurda duran ýene-de bir duran “Änew medeniýeti” diýip atlandyrylan ýadygärligi, gadymy türkmen taýpalarynyň tohum seçiş sungatynyň ilkinji şaýatnamasy bolup gulluk edýär. Bu ýerde ak-bugdaýyň daşa öwrülip giden galyndylary ýüze çykarylýar. Änew medeniýetiniň dowam eden döwri (miladydan öňki V-III müňýyllyklar) eýýam amaly sungat ýüze çykyp, şekillendiriş sungatynyň düýbi tutulýar. Dürli dag jynslaryndan (pöwrize, hakyk we beýleki daşlardan) düzülen monjuklar, toýun palçygyndan ýasalan hem-de dürli nagyşlar bilen bezelen gap-gaçlar we ýenede ençeme hojalyk önümleri ýüze çykdy. Şol sanda heýkel görnüşli önümler hem bellendi.

Altyndepe ýadygärliginde, terrakota usulynda ýasalan, ýallary gyrkylan atyň kellesi tapyldy. Buýsançly başyny galdyryp, gulaklaryny üşerdip duran heýkel böleginde, begzadalara gulluk eden naýbaşy bedew keşbi şöhlelendirilipdir.

Namazgadepede ýene-de bir terrakota önümiň (oýunjagyň) üsti açyldy. Onda bir okly ýeňil araba goşulan atyň keşbi berilipdir. Taryhdan bilişimiz ýaly ýeňil söweş arabalary parfiýalylaryň iň howply ýaragynyň hatarynda durýardy. Bu ýerde söweşjeň, ýeňiji, edermen bedew keşbi şöhlelendirilýär. Şol sanda Marguş topragy hem köp sanly heýkeljikleri bilen bellenýär.

Merkezi Aziýa sebitlerinde dörän atlaryň ýabany görnüşleriniň içinde “ahalteke atlary” özüniň çakganlygy, ýüwrükligi, duýgurlygy hem-de ýeňil gopup-galmaga ukyplygy bilen häsiýetlenýär. Eldekileşdirmek esasynda bolsa, atlaryň nerw ulgamynyň ýokary derejede, kämil ösmegine tarap ösüş ýoluny geçmegine itergi berdi. Olaryň gymmatly hil sypatlarynyň döremegine bol ot-iýmiti, amatly tebigy şertleri hem-de başarjaň adamlar täsir ýetiripdi. Şeýdip, sahawatly Ahal jülgesi gadymy türkmen bedewleriň mesgenine öwrüldi. Bu tohum atyň esasy mertebeli aýratynlygynyň biri, islendik tohum çakyşdyrma usulynda garşydaşlaryndan rüstem gelmek ukyby bolup durýar. Gadymy türkmen taryhynyň içinde zähmetsöýer halkynyň aýratyn zehininden, asyrlaryň dowamynda kemala gelen ahalteke bedewi özüniň gany bilen dünýä ýüzünde duş gelýän atlary ýyndamlygy bilen yzda galdyrdy. Ol özi barada ähli taryhy eýýamlarda diňe mähirli ýatlama galdyrmak bilen dünýäniň medeni giňişliginde owadanlygyň ajaýyp nusgasyna öwrüldi.

                                                       Bostan Çakanowa,

                                                                                    TYA-nyň Taryh we arheologiýa

                                                                               institutynyň ylmy işgäri

Howa maglumaty: 23-nji aprel 2021

 

 

Ýene-de okaň

Gahryman Arkadagymyzyň pähiminden dörän seýilgäh

Goşa mukaddesligiň baýramy

«Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» halkara sergisi geçirilýär

Taryhda yz goýjak “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ruhy hazynadyr

Magtymguly Pyragy – döwürleriň we köňülleriň şahyry