TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

Türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu karar Guramanyň hökümetara komitetiniň Marokko Patyşalygynyň paýtagtynda geçirilen 17-nji mejlisinde kabul edildi.

Keşdeçilik sungaty Türkmenistanyň iň meşhur halk senetlerinden biridir. Bärde bu senediň gadymy däbi nesilden-nesle geçirilip gelinýär. Keşde üçin ýüň, ýüpek, altyn, kümüş, merjen, reňkli daşlar, teňňeler we hat-da merjen daşy hem ulanylýar. Şol bir wagtyň özünde, ähli iş diýen ýaly iňňe bilen edilýär.

Türkmen halky özüniň milli gymmatlyklaryna mukaddeslik hökmünde garaýan halk. Bu gymmatlyklar bolsa mähriban halkymyzyň kalbynda soňlanmajak şygyr bolup ýaşaýar. Halkymyzyň medeni mirasy özüniň köpöwüşgünliligi bilen tapawutlanýar. Göreniňde gözüňi gamaşdyrýan gözellikleriň ençemesi mährem zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehininden, yhlasly zähmetinden kemala gelýär. Zenanlar gözüniň gören, göwnüniň söýen gözelligini öz el işlerine geçirýärler. Şeýdip hem owadan keşdedir-nagyşlaryň ajaýyp nusgalaryny has-da baýlaşdyryp gelýärler.

Şeýle gözellikleri özünde jemleýän türkmeniň keşdeçilik sungaty eziz halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyklary hökmünde arzylanýar. Milli lybaslarymyzyň, kürtedir çabytlarymyzyň keşdeler bilen sünnälenip, nagyşlanylyşyny synlanyňda, ene-mamalarymyzyň “iňňe bilen guýy gazan ýaly” diýen sözüniň asyl manysyna düşünmek bolýar. Türkmen zenanlaryna bolan näziklik, mähirlilik, gözellik, asyllylyk ýaly ajaýyp häsiýetleriň ählisi bu sungatda jemlenen.

Çeper elli zenanlarymyzyň uz barmaklaryndan döreýän köz ýaly ýanyp duran keşdeli keteni köýnegi, dürli nagyşlara beslenen çyrpydyr kürtesi, çabytdyr begresi türkmen tebigatynyň aňyrsyna gözýetmez ajaýyplyklarynyň, sahawatly türkmen topragynyň berekediniň, özboluşly keşbiniň beýanydyr. Inçelik bilen mähir siňdirilip ýerine ýetirilen milli nagyşlar bolsa zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň ýokary ussatlygyndan habar berýär.

Keşdeçilik sungaty milli medeni mirasyň aýrylmaz bölegi bolup, türkmen halkynyň däpleriniň özboluşlylygyny şöhlelendirýär. Bu sungatyň dünýä üçin ähmiýetiniň ykrar edilmegi ony aýawly saklamaga ýardam edip, halklaryň medeni gatnaşyklaryny has-da berkider.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan neşir edilen “Türkmen keşdeçilik sungaty” atly täze kitap gelip gowuşdy. Bu kitap halkymyzyň baý mirasynyň ajaýyp nusgasy bolan milli keşdeçilik sungatyna bagyşlanýar. Kitapda türkmen milli lybaslary, olaryň çeper bezegi, keşde çekmegiň usullary, sapak işmek, iňňä sapak ötürmek, keşdeçilik hünärinde ulanylýan keşde iňňesi, oýmak, ýüwse, ýüpek sapaklar, keşde, gaýma, köjüme, çigme, pugtama, basma ýaly milli el işleri barada giňişleýin beýan edilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň nepis el hünäri, onuň nesillere nusgalyk terbiýeçilik ähmiýeti barada täze kitapda aýratyn nygtalýar. Milli türkmen lybaslarynyň, nagyşlarynyň suratlary hem kitaba aýratyn bezeg berýär.

Magtymguly Babaýew,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby. 

Ýene-de okaň

Döwletli maslahatyň döwletli gadamlary

Ata Watan Eserleri

Watançy Nesilleri Terbiýelemek Milli Terbiýeçiligiň Esasydyr

Baş Redaktor

Çagalar bagynda baýramçylyklaryň guralyşy

Baş Redaktor

Teswirle