TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Türkmen milli keşdelerimiz

Ilimizde örän köp dürli ajaýyp nagyşlar arkama-arka, nesilden-nesle geçip, şu günki günlerimizde-de akylyňy haýran edýär. Nagyşlary synlap, olaryň gelip çykyşy, döreýşi barada oýlananyňda, olaryň eli sünnäli enelerimiziň zehininiň miwesidigine göz ýetirýärsiň. Şol nagyşlara zenan ýüreginiň mähri, gözelligi, näzikligi, onuň süýji arzuw-hyýallary, kalbynyň owazy, söýgüsi siňipdir.

Ene-mamalarymyzdan miras galan naýbaşy keşdeçilik sungaty özüniň gözelligi, nepisligi bilen bu gün dünýäň ýüzüni haýrana goýýar. Türkmen milli el işleriniň biri hasaplanýan keşdeler gadym döwürlerden bäri kämilleşip biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir.

Irki döwürlerde keşdeler ýönekeý usulda ýerine ýetirilipdir. Soň-soňlar ýüpek matanyň ýüzüne altyn we kümüş çaýylan sapaklar arkaly dürli görnüşli owadan nagyşlar salnypdyr. Ýüpek matanyň ýüzüne keşde çekmek ýüpegiň ilkinji dörän ýeri bolan Hytaýda başlanypdyr. Wagtyň geçmegi bilen beýleki ýurtlarda hem ýörgünli bolupdyr.

Dürli ýurtlarda dokalýan keşdeleriň biri-birinden tapawutlanýan aýratynlyklary bar. Mysal üçin, Hindistanyň keşdeçilik sungatyndaky nagyşlarda haýwanlaryň we ösümlikleriň keşpleri ýerleşdirilipdir. Türkmen halkynyň keşdelerinde ýerleşdirilen  dürli reňkdäki owadan nagyşlarda bolsa, türkmen tebigatynyň keşbi nagyşlar arkaly şekillendirilýär. Owadan el keşdeleri synlanyňda, türkmen halkynyň millilik ruhuny duýmak bolýar.

Keşdeleriň biri-birinden tapawutlanýan görnüşleri bar. Lentaly keşde – dürli görnüşli lentalar bilen tikilýän nagyşlar hasaplanýar. Lentaly keşdäni ýerine ýetirmek çylşyrymly hem bolsa, ol özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Bu keşdäni ýerine ýetireniňde ulanýan reňkleriňi ýerlikli saýlap almak juda zerur bolup durýar. Rişelýe görnüşindäki keşdeler saçaklarda we tutularda tikilýär. Munda birinji matanyň ýüzüne nagyş keşdelenýär we mata kesilip alynýar.  Bu keşdäniň aýratynlygy köplenç ak matanyň ýüzüne tikilýänligidir. Ýüzi tekiz üstli keşde-de bolsa, keşdäniň ölçeglerini takyk edip hasaplamak hökman däldir. Sebäbi bu keşdä düzedişleri girizmek aňsat bolýar. Bu keşde gündogarda giňden ýaýrandyr.

Umuman alanyňda, keşdeler özüniň bezeg aýratynlygy, özüneçekijiligi bilen häzirki günlerimizde-de giňden ýaýrandyr. Aýratyn hem, türkmen keşdeleri öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Başyna kürte atynan gelinleri, elýaka köýnekli, akgaýma tahýaly ýigitleri, milli nagyşlar sünnälenip keşdelenen keteni köýnekli gyzlary göreniňde milli keşdeçilik sungatyna bolan buýsanjyň has-da artýar.

Jennet Babaýewa, Begsoltan Täşliýewa,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ mugallymlary.

 

Bütindünýä saglyk gününde köpçülikleýin welosiped ýörişi guralar

Ýene-de okaň

Türkmen halky Garaşsyzlyk toýun toýlaýar

Dostlukly gatnaşyklara uzaýan ýollar

Türkmenistan – iri energetika döwleti

Teswirle