SPORT

Türkmen milli göreşi VI Aziýa oýunlarynyň maksatnamasynda

Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň prezidenti Şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabah hormatly Prezidentimize Oraza baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

Şol gutlag hatynda:  “Goý, Beýik Allatagala COVID-19 pandemiýasy zerarly emele gelen ýagdaýlarda bize güýç-gaýrat we sabyrlylyk bersin! Biz Türkmenistanda bu ýokanjyň ýeke ýagdaýynyň hem bolmandygyny eşidip, örän begendik. Siziň ajaýyp ýurduňyzda täze koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça Siziň ýolbaşçylygyňyzda zerur ähli çäreleriň görlendigine biz oňat düşünýäris” diýlip bellenilýär.

Şeýle hem Şeýh Al Sabah pursatdan peýdalanyp, 2021-nji ýylyň 21 — 30-njy maýynda Bangkok we Pattaýýa şäherlerinde (Tailand) Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça VI Aziýa oýunlarynyň guraljakdygyny habar berdi. Aziýanyň Olimpiýa geňeşi hem-de oňa gatnaşyjy ýurtlaryň 45-si 2017-nji ýylyň sentýabrynda ajaýyp Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ajaýyp guralandygyny häzire çenli unutmaýandygyny bellän Şeýh Al Sabah Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň we ähli agzalarymyzyň adyndan Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanda geçirilen şol oýunlaryň üstünlikli bolmagyna goşan uly goşandy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Mundan başga-da, Şeýh Al Sabah hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sport maksatnamasyna goşulan milli göreşi ösdürmäge bolan uly gyzyklanmasyny, şeýle hem Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň arasyndaky dowamly we ýakyn gatnaşyklary nazara almak bilen hem-de V Aziýa oýunlarynyň dowamly mirasyna öwrülmegi hem-de Aziýa yklymynda sportuň bu görnüşini has-da ilerletmek we ösdürmek üçin milli göreşi 2021-nji ýylda Tailandda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça VI Aziýa oýunlarynyň resmi sport maksatnamasyna goşmak babatda karara gelendigini öz gutlag hatynda belläp geçýär.

Ýene-de okaň

Messi “Instagramda” 500 million yzarlaýja ýetdi

Meşhur tälimçi Arsen Wengere türkmen halysyny sowgat berildi

Arsen Wenger: Türkmenistana futbolda uly üstünlikler arzuw etdi

“Arkadag” topary Gyrgyzystanyň “Abdyş-Ata” toparyny ýeňdi

Braziliýa 15-nji gezek dünýä çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

“Liwerpul” topary 10-njy gezek Angliýanyň Liga kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri