TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmen milli dutaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçiriler

Şu gün hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, dutar ýasamak senetçiligini hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli güwanamanyň ýurdumyza gelip gowuşmagy mynasybetli käbir ýolbaşçylara tabşyryklar berildi.

Bu babatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa üçin şu tabşyryklar berildi:

  • dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilmegi mynasybetli welaýatlarda we Aşgabat şäherinde geçiriljek çäreleriň tertibini gyssagly taýýarlamaly:
  • bu şatlykly waka mynasybetli 1-nji fewralda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dabaraly maslahat hem-de sergi geçirmeli:
  • welaýatlarda we Aşgabat şäherinde aýratyn tapawutlanan dutar ussalaryna “Çeper döredijiligiň halk ussasy” diýen adyň dakylandygy barada şahadatnamalary gowşurmagy göz öňünde tutmaly:
  • bagşy-sazandalaryň konsertini tebigy görnüşde geçirip, ýaýlyma bermeli. Bu konsertleri ýurdumyzyň welaýatlaryndaky “Türkmeniň ak öýi” binalarynda geçirmek maksadalaýyk bolar:
  • ýurdumyzyň muzeýlerinde, kitaphanalarynda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde halkymyzyň dutar ýasamak senetçiligi hem-de milli saz sungatymyza bagyşlanan maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny geçirmeli:
  • ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary, syýasy partiýalary bilen dutar ýasamak senetçiligini hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek boýunça dürli çäreleri we şol sanda maslahatlary, duşuşyklary geçirmeli:
  • teatrlarda dutar bilen bagly sahna oýunlaryny teleýazgy görnüşinde geçirip, ýaýlyma bermeli:
  • dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamany hem-de şunuň bilen bagly geçirilen çäreleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmeli.

Ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO-nyň kafedralary dörediler

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistan Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň maslahatyna gatnaşdy

Sindzo Abe üçin döwlet derejesinde matam çäresi guraldy

Teswirle