SIZDEN GELENLER

Türkmen milli deri aýakgaplary

Türkmenleriň, şeýle hem Merkezi Aziýa halklarynyň deriden ýasan ilkinji aýakgaby çarykdyr. Ol maldarlaryň we daýhanlaryň gündelik aýakgaby hasap edilipdir. Çaryk–eýlenmedik çig hamdan taýýarlanylypdyr. Köplenç halatlarda çarygy maldarlaryň we daýhanlaryň özleri taýýarlapdyrlar. Çaryk dolak bilen geýlipdir. Deriniň durkuny saklamak we geýende amatly bolar ýaly ony gijesine ýere gömüp goýupdyrlar. Baý türkmenler ýokary hilli hamdan edilen gara-goňur, goňur-gara reňkli çaryklary ýörite ussalara sargyt edip tikdiripdirler.

Türkmen aýakgaplarynyň has kämilleşen görnüşleriniň biri-de çokaýdyr. Çokaýy gyşyna dolak bilen geýipdirler. Gökleňler çokaýy köplenç, hywadan, tekeler, saryklar Marydan satyn alypdyrlar. Merkezi we günorta sebitleriň türkmenleri öý şertlerinde, obanyň çäginde beýik ökjeli, apgyrtsyz köwüşleri geýipdirler, tomus günleri köwüş, aýakýalaňaç, gyşyna jorap bilen geýlipdir. Köwüş gara we goňur deriden köwüşçi ussalar tarapyndan tikilipdir.

Amyderýanyň aşak akymyndakylar, demirgazykdaky türkmenler, saryklar pes we ortaça ökjeli, apgyrtly köwüşleri geýipdirler, olary ýüpek joraplar bilen geýipdirler.

Gyş şertlerinde ýa-da uzak ýola atly gidenlerinde türkmenler beýik deri ädikleri geýipdirler, olary hywa ussalary taýýarlapdyrlar, şonuň üçin-de ol ädiklere hywa ädigi – diýip at beripdirler. Şeýle ädikler Hywa oazisinde özbeklerde-de, garagalpaklarda-da bolupdyr.

Türkmenler gyş aýlarynda ýa-da aýratyn ýagdaýlarda (bazara ýa-da myhmançylyga) gidenlerinde beýik keçe joraplar bilen deri ädiklerini geýipdirler, ädigiň ýokarysy dürli nagyşlar bilen bezelipdir. Ädikler barada aýdylanda, meýdan ýazgylaryny toplamak boýunça Daşoguz welaýatynda bolanymyzda, diňe türkmen halkyna mahsus bolan “Bökejen ädik” diýen ädigiň hem bolandygy barada maglumat aldyk. Informatoryň aýtmagyna görä, Bökejen ädik düýe hamyndan tikilipdir. Bökejen ädigiň beýleki ädiklerden tapawutly tarapy, onuň ökjesi aýratyn uly bolup, ujy ýokaryk galyp durupdyr. Bökejen ädigiň ýene bir aýratynlygy ýörände ses eder ýaly onuň ökjesiniň içi oýulyp, düwme goýlupdyr. Şeýle hem onuň iki gonjunyň gapdalyna şelpe dakylypdyr.

Bökejen ädigi geýen gyz maşgala ýörände, düwme bilen şelpäniň sesi utgaşyp, özboluşly heň döredýär. Bökejen ädigi geýen baý gyzy şoňa maýyl bolýar.

Bökejen ädigiň gonjy näçe uzyn bolsa, ol şonça-da gowy görünýär. Bu ädigi köplenç, gyzlar durmuşa çykanda geýipdirler”.

Amyderýanyň orta eteginde ýaşaýan ärsarylar, demirgazygyndaky ýomutlar, daglyk etraplardaky gökleňler, salyrlar we saryklar (erkekler we aýallar tapawudy ýok) mesi geýipdirler. Gurluşy babatda mesi ädige meňzeş bolsa-da aşagy (ýagny podoşy) ýumşak deriden edilip, onuň ökjesi bolmandyr. Ony köwşiň içinden geýipdirler, jaýda köwüşsiz, jaýdan çykanlarynda köwüşli geýipdirler. Mesi Orta Aziýanyň, Powolžäniň halklaryna-da, özbeklere, täjiklere-de giňden mälimdir. Hywanyň, Hankanyň bazarlarynda ýörite aýakgap satylýan hatarlar bolupdyr. Horezmiň şäherlerinde erkek hem aýallar üçin ýumşajyk ädijekler (mesiler) giňden ýaýrapdyr. Mesileri ilki deri, soňra rezin köwüşler bilen geýipdirler. Geçmişde mesini dini wekiller, baý adamlar ýagny söwdagärler geýipdirler. Irki döwürlerde mesini geçi derisinden taýýarlapdyrlar. Bu mysallar özbegistanly türkmenler üçin hem mahsusdyr. Mesileri gara geçiniň derisinden taýýarlapdyrlar, olary erkekler hem aýallar ulanypdyrlar. Mesileri öň belläp geçişimiz ýaly, galoş bilen geýipdirler, jaýa girenlerinde galoşy çykarypdyrlar. Erkek adamlar öýden çykanlarynda mesisiz galoşly çykypdyrlar, aýallara mesisiz galoşly gezmek gelşiksiz hasap edilipdir. Mesiler uzak wagtyň dowamynda öz durkuny saklapdyr, emma deri köwüşler bolsa, belli bir derejede öz görnüşlerini üýtgedipdirler. Deri galoşlar, beýik ökje, uzak wagtyň dowamynda öz durkuny üýtgewsiz saklap gelipdir. Galoşlardan başga-da erkek adamlar ädikleriň dürli görnüşlerini geýipdirler, oba ýerlerinde agaç galoşlaryny geýipdirler. Agaç galoşlary Merkezi Aziýa türkmenleriniň we halklarynyň ählisinde-de duş gelýär. Biziň pikirimizçe, bu galoşlar bize täjigistan türkmenleriniň üsti bilen aralaşan bolmaly. Sebäbi ol aýakgaplar dag eteklerinde ýaşaýan halklar üçin mahsus bolup, esasan, dagly täjikler tarapyndan köpçülikleýin öndürilipdir.

XX asyryň başlarynda rezin köwüşler peýda bolup başlaýar. Ol aýakgaplar Orta Aziýanyň şertlerinde has amatly hasaplanypdyr. Toý dabaralary, ýas üçin niýetlenen geýimler, aýakgaplar öz durkuny saklapdyrlar. Ädigiň, mesiniň astyndan erkek adamlar, aýallar dolak ulanypdyrlar. Öýlenýänler üçin ak dolak sowgat edipdirler “ak zat alnyňa ýagşy” diýlişi ýaly, şeýle sowgat yrym üçin berlipdir.  XX asyryň 30-njy ýyllaryndan başlap, başgeýimlerde şeýle-de aýakgaplarda olaryň daşky formalarynda tapawutlyklar ýüze çykyp ugrapdyr.

Tomus şertlerinde garyplar aýakýalaňaç aýakgapsyz gezipdirler, işlänlerinde „çepek“ geýipdirler, çepek diňe aýagyň aşagyny ýapypdyr, ol öküziň ýa-da sygryň galyň boýun hamyndan taýýarlanypdyr.

Aýallar köplenç, “köwüş” geýipdirler, ol ýarym ýapyk deri aýakgaby bolupdyr, onuň iki görnüşi mälimdir: birinjisi “paşmak„ diýlip atlandyrylypdyr, ol giň aýakgap bolup, ýüz tarapy ýasy, başlygy giň, ökjesi orta beýiklikde sarymtyl deriden taýýarlanypdyr. “Köwüş orta beýiklikde, ökjesi 4-5 sm, apgyrdy 3-4 sm bolan aýakgapdyr. Ol oňat hilli işlenen gara deriden tikilipdir. Müşderiniň islegine görä ol köwüşler dürli reňkli ýüpek sapaklar bilen bezelipdir.

Belli etnograf-alym N. W. Zaharowanyň berýän maglumatlaryna görä, XVIII asyra çenli gazaklarda we maňgyşlak türkmenlerinde aýal aýakgaplary erkekleriňkiden onçakly tapawutlanmandyr. Ýöne, olarda-da XIX asyryň ahyrynda XX asyryň başlarynda aýakgabyň formasynda, fasonynda belli bir derejede aýratynlyklar ýüze çykypdyr.

Gyzlar, ýaş aýallar has owadan ädikleri geýipdirler, ol gurbatyňa bagly bolupdyr. Ýaşlar 10 sm. beýiklikdäki ökjesi uzyn ädikleri geýmegi halapdyrlar. Garrylar pes ökjeli ädikleri halapdyrlar. Olar köplenç, mesi bilen galoş geýipdirler. Baý gyzlar, gelinler gök, gyzyl deriden tikilen, dürli nagyşlar bilen bezelen ädikleri, galoşlary geýipdirler. Ýaş gyzlaryň ädikleriniň bezelişinde garry aýallaryň içgilerine (mesilerine) salnan nagyşlarda hem üýtgeşiklikler bolupdyr.

XIX asyryň ortalarynda XX asyryň başlarynda aýakgap gazaklarda esasan, ýumşajyk mesiden hem ädikden ybarat bolupdyr. Öýden çykanlarynda mesiniň daşyndan galoş geýipdirler, öýe girenlerinde galoşy çykarypdyrlar. Mundan başga-da keçe ädikler hem geýlipdir. Gazaklarda deri ädikler hem ýörgünli bolupdyr, ýaşlar beýik ökjeli, garrylar bolsa pes ökjeli ädikleri geýmegi oňaýly hasaplapdyrlar. Ädikleri dürli deriden taýýarlapdyrlar, atyň, sygryň, baldyry üçin bolsa geçi ýa-da goýnuň derisini peýdalanypdyrlar. Baý gazaklar ýokary hili deriden ädik sargyt edipdirler, garyplar bolsa çig deriden özlerine aýakgap tikipdirler. XIX asyryň ahyrlarynda Russiýadan getirilen ýokary hilli deriden ädik tikip başlapdyrlar. Aýakgaby iri şahly malyň ýa-da atyň aýagynyň hamyndan tikipdirler. Olary ilki suwda ýuwupdyrlar, soňra guradyp, ýumşak bolar ýaly agaç çekiç bilen ýumşadypdyrlar. Aýakgabyň ökjesi iki gat uly malyň hamyndan edilip, berk bolar ýaly berýozanyň gabygy bilen berkidipdirler. Gyş aýlary geýilýän ädikler beýik hem uly edilip taýýarlanypdyr, sebäbi olary dolak orap geýipdirler.

XIX asyryň ahyrlarynda XX asyryň başlarynda Gazagystanyň köp etraplarynda rus ädikleri ýaýrap başlaýar. Gazaklar we Gazagystanda ýaşan beýleki milletler olary rus daýhanlaryndan alypdyrlar ýa-da rus ussalaryna sargyt edip tikdiripdirler, soňraky wagtlarda gazaklaryň öz ädikleri-de peýda bolup başlapdyr. Ýylyň paslyna görä ädikler tapawutlanypdyr, ädikleriň tikilişinde ýaşulular, ýaş ýigitler üçin niýetlenilişinde tapawut bolupdyr, ýaşlar beýik, garrylar pes ökjeli ädikleri geýipdirler. Aýakgaplaryň has berk bolmagy üçin olaryň ökjelerine nal kakypdyrlar. Erkek adamlar üçin niýetlenip tikilen ädikleriň gonjy giň bolupdyr. Ädikleriň ökjelerini iki gat iri malyň hamyndan berk edilip taýýarlanypdyr. XIX asyryň ortalaryndan başlap, ädikler oňat hilli hamdan taýýarlanyp başlanýar, olar esasan rus derileri bolup, bazarlardan, ýarmarkalardan alnypdyr” .

 

Bahar MÄMMEDOWA, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.

Ýene-de okaň

Psihologiýa we kämil bilim

Ata Watan Eserleri

Himiýa senagatynyň milli ykdysaydýetdäki orny uludyr

Ankara uniwersitetinde Magtymgulyny öwreniş sapagy

Bilimli nesil – Watanyň daýanjy

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynda dilleriň goşandy

Ýapon diliniň ähmiýeti