Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň işewür düzümleriniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.
Şol duşuşykda türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ykdysady ugurlaryna seredildi.
- Koreýa Respublikasy Türkmenistanyň maýa goýum babatda işjeň hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar.
- Häzirki döwürde ýurdumyzda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 11 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 13 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndy.
- Iň iri “Hyundai Corporation”, “LX International Corp.”, “Daewoo Engineering and Construction” koreý kompaniýalary türkmen bazarynyň örän möhüm ulag, gaz we himiýa senagaty hem-de ençeme beýleki pudaklarynda köp wagtdan bäri üstünlikli işläp gelýärler.
- Türkmenistanyň günbatarynda polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşygyny, ýol hereketiniň howpsuzlyk ulgamlaryny gurnamagy hem-de konsultatiw hyzmat etmegi «LX International Corp.» kompaniýasynyň gatnaşmagynda üstünlikli tamamlanan iri taslamalaryň hatarynda görkezmek bolar.
- Awtoulag ulgamynda örän netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Häzire çenli Koreýa Respublikasyndan Türkmenistana 2 müňe golaý ýeňil awtoulag we ýolagçy awtobuslary iberildi
- Şunuň bilen birlikde, ylmy köp talap edýän pudaklarda, şol sanda telekommunikasiýa we kosmos ugurlarynda, suwy süýjetmek boýunça taslamalary amala aşyrmakda bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikleriň bar.
- «Daewoo Engineering and Construction» kompaniýasy Türkmenistandaky “akylly şäher” taslamalaryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär.